Günorta Amerika

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Dünýa kartasynda Günorta Amerika

Günorta Amerika (isp. América del Sur, Sudamérica, Suramérica, port. América do Sul, iňl. South America, niderl. Zuid-Amerika, fr. Amérique du Sud, guar. Ñembyamérika, keç. Urin Awya Yala, Urin Amerika) — Amerikada günorta kontinent, ol esasan Ýer planetasynyň Günbatar we Günorta ýarymşarlarynda ýerleşýär, şeýle-de bolsa, kontinent az-kem Demirgazyk ýarymşarda hem ýerleşýär. Onuň kenarlaryny günbatarda Ýuwaş okean, gündogarda — Atlantik okean ýuwýar, ol demirgazykda Demirgazyk Amerika bilen araçäkleşýär. Iki Amerikanyň arasyndaky serhet Panama gury ýer zolagyndan we Karib deňzinden geçýär.