Latyn Amerikasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Latyn Amerikasy 40-50-nji ýyllarda Latyn Amerikasynyň umumy ýagdaýy. Latyn Amerikasy ýurtlary bazar ykdysadyýetiniň ösüş ýoluna ABŞ-dan we Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan has soň düşdüler. Onuň sebäbi-de, bu sebitiň taryhynyň täzelikler, demokratik özgerişler girizmek islän güýçler bilen köne düzgüniň tarapdarlarynyň arasyndaky barlyşyksyz göreşden doly bolmagydyr. Bu ýagdaý şol ýurtlaryň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etdi. Birinjiden, olaryň ABŞ-dan, Günbatar Ýewropa döwletlerinden yza galmaklygyna sebäp boldy. Ikinjiden, olar ösen senagatly döwletleriň çig mal çeşmesine öwrüldiler.

Latyn Amerikasy diňe bir tebigy baýlyklaryň bol sebiti bolman, eýsem, arzan işçi güýjüniň hem köp ýeridi. Şonuň üçinem ABŞ we beýleki ösen döwletler ol ýere höwes bilen öz maýa goýumlaryny goýdular. Netijede, sebitiň ykdysadyýeti daşary ýurt maýadarlarynyň gol astyna düşdi. Ykdysady tarapdan baknalyk bolsa, syýasy özbaşdaklygy-da çäklendirýärdi.

II-nji jahan urşy ýyllarynda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň aglabasynyň ösüşinde birmeňzeş, umumy häsiýetli ýagdaýlar ýüze çykdy. Argentina, Meksika, Kolumbiýa, Braziliýa ýaly ýurtlar uruşýan döwletleriň islegini kanagatlandyryp, olaryň senagaty üçin zerur çig maly öndürýärdiler. Şol önümleriň bahasynyň birnäçe esse ýokarlanmagy, ýerli baýlaryň sanynyň artmagyna getirdi. Ýerli baýlarda bolsa, daşary ýurtlarda baknalykdan dynmak meýli güýçlendi. Olaryň goldamagy bilen döwlet eýeçiligi ösüp başlady. Germaniýa hem onuň ýaranlaryna degişli eýeçiligiň millileşdirmegi, daşary ýurtlara degişli senagat kärhanalarynyň, demir ýollaryň satyn alnyp, döwlet eýeçiligine öwrülmegi ýaly çäreleriň hemmesi ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini güýçlendirip, ykdysady baknalykdan dynmaga gönükdirilen çärelerdi. Emma şol çäreleriň geçirilmegine garamazdan, 50-nji ýyllarda-da Latyn Amerikasy döwletleriniň ykdysady baknalygy entek saklanýardy. Sebäbi ol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň iň esasy we has girdejili pudaklary ABŞ-yň elindedi. ABŞ 1949-1960-njy ýyllarda şol döwletlere goýan maýa goýmundan 2 esseden gowrak girdeji alypdy.

50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň oba hojalygynda aýratyn bellär ýaly özgerişler bolmady. II jahan urşundan öňki ýyllardaky ýaly ýagdaý, ýagny iri ýer eýeçiligi saklanyp galdy. Oba hojalygynyň esasy aýratynlygy her ýurduň özüne mahsus ekininiň bolmagydyr (monokultura). Mysal üçin, Braziliýada, Kolumbiýada – kofe, Kubada, Dominkan respublikasynda – gant, Gondurasda, Kosta-Rikada, Ekwadorda – banan oba hojalygynyň esasy önümi hasaplanýardy.

Milli azat edijilik hereketi. Latyn Amerikasy ýurtlarynyň syýasy-ykdysady ýagdaýy ol ýerlerde milli-azat edijilik hereketiniň güýçlenmegine getirdi.

1940-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda, 50-nji ýyllaryň başynda sebitiň ýurtlarynda agalyk eden öňki syýasy toparlar gowşap, demokratik özgerişleriň tarapdarlary güýçlendiler. Bu toparlar ykdysadyýete döwletiň aýgytly goşulmagy, ýerli maýa goýumlarynyň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy esasynda daşary ýurt maýasyna baknalykdan dynmak isleýärdiler. Öňe sürlen şu maksady halkyň ähli gatlaklary (daşary ýurt maýadarlary bilen baglanyşyklardan başgasy) goldaýardylar.

Milli-azat edijilik hereketi netijesinde, Boliwiýada, Ekwadorda, Gwatemalada, Salwadorda, Wenesuelada, Kolumbiýada diýdimzor düzgün dargadyldy. Argentinada, Meksikada, Çilide, Paragwaýda, Nikaraguada, Kubada we beýleki ýurtlarda hem halkyň öz azatlygy, özbaşdaklygy ugrundaky aýgytly göreş giň gerim aldy.

Kubada general Batistanyň diýdimzor düzgünine garşy Fudel Kastronyň ýolbaşçylygynda rewolýusionerler bäş ýyldan gowrak göreş alyp bardylar. Olar ýeňiş gazanyp, 1959-njy ýylyň Baýdak aýynda rewolýusion hökümeti düzdüler. Ilkibada kommunist bolmadygam bolsa, F. Kastro rewolýusiýanyň gazananlaryny berkitmegiň hatyrasyna SSSR bilen ýakynlaşmaga mejbur bolupdyr we söweşjeň kommuniste öwrülipdir.

40-50-nji ýyllardaky syýasy-ykdysady özgerişler. 40-50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynda amala aşyrylan syýasy, durmuş, ykdysady özgerişleriň häsiýetli taraplaryny şol ýurtlaryň käbirleriniň mysalynda görüp geçeliň !

Braziliýa Latyn Amerikasy döwletleriniň arasynda ykdysady tarapdan iň ösen döwletleriň biridir. Braziliýanyň ykdysadyýetinde täsirli yz galdyran özgerişler 1930-njy ýylda häkimiýet başyna gelen prezident Žetulis Wargasyň (1883-1954) döwründe başlandy. Wargas Braziliýanyň ykdysady tarapdan kuwwatly döwlete öwürmegi maksat edindi. Ol nebit senagatyny, senagatyň başga-da birnäçe pudagyny daşary ýurt maýa eýeleriniň elinden alyp, millileşdirdi. Bu bolsa, ykdysadyýetde güýçli döwlet eýeçiligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Wargas ähli syýasy toparlara, kärdeşler arkalaşygy guramalaryna açyk işlemäge hukuk berdi. Ol özüni “täze adalatly döwlet dörediji” diýip atlandyrdy. Emma 1945-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda demokratik hereketiň ýaýbaňlanmagyndan gorkan ýokary gatlaklar ony häkimiýet başyndan aýyrmagy başardylar.

1950-nji ýylyň Oguz aýynda bolan prezident saýlawynda Wargas ýene-de ýeňiş gazandy. Ol milli ykdysadyýeti gorap, daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlaryny çäklendirdi, birinji nobatda, döwlet eýeçiligini ösdürmäge üns berdi.

Wargas elektrik senagatynyň kärhanalaryny döwlet eýeçiligine geçirmek ýer eýeçiligini ýok isledi. Emma ol pikir daşary ýurtly maýa goýumdarlarynyň we ýerli iri ýer eýeleriniň garşylygyny güýçlendirdi. Prezidente garşy harbylaryň ýolbaşçylygynda dildüwşük guraldy. Edilýän hyýanatlara çydaman, Wargas özüni öldürdi.

50-nji ýyllaryň II ýarymynda-da köneçil güýçler ýurtda geçirilýän demokratik häsiýetli özgerişlere garşylyk görkezmegi dowam etdirdiler. Emma täze hökümet Wargasyň ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini güýçlendirmeklige saýlan ugruny dowam etdirdi.

Argentina II-nji jahan urşundan soňky on ýyllykda dolandyran prezident Huan Peron (1895-1974) ýurduň ykdysadyýetinde döwletiň täsirini güýçlendirmäge başlady. Onuň döwründe Merkezi bank millileşdirildi. Amerika, Beýik Britaniýa, Fransiýa degişli bolan telefon ulgamlar, demir ýollar hususyýetçilerden satyn alnyp, senagatda kuwwatly döwlet eýeçiligi döredildi.

Ýurduň konstitusiýasynda zähmete, bilime bolan hukuk, demokratik azatlyklar jar edildi. Peron Argentinada adalatly döwletiň döredilýändigini yglan etdi. Hökümet işçileriň, döwlet edaralarynda işleýän gullukçylaryň aýlygyny artdyrdy.

Peron başarjaň syýasatçy we ajaýyp dilewar adamdy. Ol halky öz yzyna düşürmegi başarýardy. Argentinanyň zähmetkeşleri ony öz penakäri hasaplaýardylar. Argentinanyň kärdeşler arkalaşygy onuň esasy daýanjy boldy. Ol ýerli işewür adamlary goldap, olary öz tarapyna çekmegi başarýardy.

Emma prezidentiniň syýastyndan närazy generallar 1955-nji ýylyň Ruhnama aýynda döwlet agdarylyşygyny geçirdiler. Harby hökümdarlar Peronyň kabul eden köp kanunlaryny, konstitisiýany ýatyrdylar.

Meksikada amala aşyrylan özgerişler 1910-1917-nji ýyllaryň rewolýusiýasynda döredilen institusion-rewolyusion partiýanyň (IRP) ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu ýerde hem daşary ýurt eýeçiligini millileşdirmek dowam etdirlip, şonuň esasynda döwlet eýeçiligi giňeldildi. Iri ýer eýeçilik ýok edildi, daýhanlar millionlarça gektar ýere eýe boldular. Şu çäreler Meksikada içki syýasy durnukly şertlerinde geçirildi.

Gwatemala, Boliwiýa Latyn Amerikasynyň yzagalak döwletleridir. Bu ýurtlaryň ykdysadyýetiniň esasyny oba hojalygy tutýar. Ekerançylyk üçin amatly iri ýer eýeleriniň we daşary ýurt baýlarynyň elindedi.

1944-nji ýylyň Bitaralyk aýynda Gwatemalada rewolýusiýa bolup, harby polisiýa düzgünini agdardy. Şeýle öwrülişik 1952-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Boliwiýada hem boldy.

Häkimiýeti eline alan güýçler bu ýurtlarda köneçil toparlaryň garşylygyna garamazdan, demokratik özgerişleri amala aşyrmaga girişdiler. Emma ýerli köneçilleriň we ABŞ-yň gazaply garşylygy netijesinde syýasy ýagdaý üýtgedi. 1954-nji ýylyň tomsunda Gwatemalada harby öwrülişik amala aşyrylyp, häkimiýet harbylaryň eline geçdi. 1952-nji ýylda Boliwiýada bolan rewolýusiýa bu ýurda ykdysady özbaşdaklyk getirmedi.