Süýüm

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Süỳümleriň görnüşleri boỳunça toparlara bölünişi. Süỳümiň süỳünmesi (uzalmasy) we elastikligi. Süỳümiň arassalygyny kesgitlemekligi öwrenmek. Himiki maddalar (şireligi). Süỳümiň ỳetişikligi. Süỳümleriň egirmä edỳän täsirine baha bermek.

Esasy maglumatlar:

Süỳümleriň görnüşleri. Süýüm – bu inçe çeýe, berk we dokma önümlerini taýýarlamaga ýaramly bolan jisimdir. Egirme önümçiliginde süýümler öz uzynlygyna görä iki sany uly topara bölünýär:

Gysga ştapel süýümler – uzynlygy 60 mm-den kiçi bolan süýümler (pagta). Uzyn ştapel süýümler – uzynlygy 60 mm-den uly bolan süýümler (ýüñ). Himiki süýümler hem-de ýüpek galyndylardan alnan süýümler öz kesgitli kesilen uzynlyklaryna baglylykda gysga-ştapelli we uzyn-ştapelli bolup bilerler.

Dünýä boýunça esasy süýümleriñ öndürilişi, million ton (2004-nji ýylda).

Jemi 61,5

Himiki süýümler

33,8 

Şol sanda

- 

Sintetik

31,3 

Emeli (sellýulozaly)

2,5 

Pagta

26,3 

Ýüñ

1,2 

Ýüpek

0,1

Süýümleriń gelip çykyşy boýunça görnüşleri.

Süýümleriñ görnüşi

Tebigy süýümler

Himiki süýümler

Ösümlik

1. Çigit süýümler -pagta

2.Baldak süýümler -zygyr (lýon) -jut -rami

3.Ýaprak süýümler -sizal

Haýwanlardan alnan

2. Ýüñ süýümler -goýun -düýe -geçi -lama

2. Mör-möjekleriñ bölüp çykarýan süýümleri -tut agaç ýüpegi -dub agaç ýüpegi

Mineral

1. Metal süýümler

2. Aýna süýümler

3. Asbest süýümler*

Emeli

1.Sellýuloza esasly süýümler -wiskoza -modal süýümler -asetat

2. Protein (belok) süýümler -kazein

Sintetik

1. Poliamid -naýlon -kapron

2. Poliester (poliefir) -terilen -lawsan

3. Poliakril -orlon -dralon 4.Poliuretan -laýkra (Lycra) -spandeks -elastan

  • Bellik: käbir alymlar asbestiñ süýüm däldigi diýen pikiri öñe sürýärler, çüñki süýüm bu çeýe, berk we dokma önümçilige ýaramly jisim bolmaly. Asbeste bolsa çeýelik häsiýeti mahsuz däldir. Ol añsat döwülip bilýär, şonuñ üçin ondan dokma önümi taýýarlamak kyn. Şu wagt asbestiñ ulanylyşy gadagan edildi sebäbi ol saglyk üçin örän howply.

Süỳümiň süỳnmesi (uzalmasy) we elastikligi. Ýüplügiñ uzalmasynyñ 3 sany ýoly bar:

Hemişelik (plastik) uzalma -

süýündirilenden soñ, süýümler öñki ýagdaýyna gaýtmaýarlar.

Elastik uzalma -

süýündirilenden soñ, süýümler öñki ýagdaýyna gaýdýarlar.

Üzülme uzalmasy -

süýümiñ üzülýänçä çenli ýetip bilýän iñ uly uzynlygy, ol öz içinde durnukly hem elastik uzalmalaryñ ikisini hem jemleýär.

Uzalmany başlangyç uzynlykdan % görnüşinde añladýarlar. Elastik uzalma dokma önümler üçin örän wajypdyr, sebäbi elastiklik häsiýeti bolmadyk önüm ulanylyp bilmez. Çüñki uly agram salynanda (mysal üçin tirsek we dyz ýaly ýerlerde) dokma önüm öz durkuny üýtgetmäge, deformirlenmäge, soñ bolsa öñki durkuna gaýtmaga ukyply bolmalydyr. Önümçilikde işlenende süýünmeklik häsiýeti dokma önümler üçin gerek bolup durýar. Eger ýeterli süýnip bilmeseler, olar ýüklenýän agrama garşy durnukly durup bilmezler. Şonuñ üçin süýümiñ uzalmasy azyndan 1-2 % (aýna süýümleriñki ýaly) we ondan ýokary bolmalydyr. Ýüñ önümler nah önümlere garañda az ýygyrt bolýarlar, sebäbi ýüñüñ uzalmasy has uly.

Käbir süýümleriñ uzalmasy.

Ýüñ

25-45 %

Ýüpek

15-25 %

Pagta

5-10 %

Zygyr

2-3 %

Poliester

30-60 %

Köp dokma önümler üçin artykmaç uly uzalmasy hem gerek däl. Olar egirme kärhanalarda işlenende, esasan çekim işlerden geçenlerinde belli kynçylyklary döredip bilerler. Ýöne sport geýimler hem-de şu wagt moda bolan gowy süýünýän streç önümler üçin uly uzalma gowy häsiýetlidir. Süýümlere uly süýünme agramlar salynanda, olaryñ berkligine-de uzalmasyna-da ýokary talap bildirilýär. Şonuň üçin berklik bilen uzalma özara berk baglanşykly. Bu özara gatnaşygyny agram-süýünme diagrammasynda (süýündirme güýjüniñ üýtgemegi bilen uzynlygyñ üýtgemesi) görkezýärler. Her süýüm üçin mahsuz bolan öz agram-süýünme çyzygy bar. Dürli hilli süýümler garyşdyrylanda garyndynyň içine goşulýan süýümleriñ süýünme häsiýetleriniñ meñzeş bolmagyna gaty uly üns bermeli.

Gatylyk. Süýümleriñ gatylygynyñ aýlanma, togalanma, towlanma ýaly hereketlerde uly ähmiýeti bar. Juda gaty süýüm ýokardaky agzalan hereketlere kynlyk bilen uýgunlaşyar. Meselem: eger süýüm ýüplügiñ içine gowy birikdirilen bolmasa, onuñ uçlary daşyna çykarlar, tüýlüligi artdyrylar, käbir süýümler gaçyp ýiterler. Ýeterli gatylygy bolmadyk süýümleriñ çeýeligi hem gowy bolmaz. Olar deformirlenenden soñ, öñki ýagdaýyna gaýtmaýarlar we olaryñ uzynlygyna garşylygy kiçi bolýar. Köp halatlarda bu ýagdaý nepslere ýagny, süýümleriñ bulaşyp çolaşmagyna, düwünleriñ emele gelmegine getirýär. Süýümleriñ gatylygy süýümleriñ gurluşyna hem-de süýümiñ uzynlygynyñ we süýümiñ inçeliginiñ özara gatnaşygyna bagly. Süýüm näçe gysga bolsa, şonça-da ol gaty bolar. Gatylygyñ ölçeg birligi hökmünde şeýle görkeziji ulanylýar:

Inçeligiñ gatnaşygy = Süýümiñ uzynlygy / Süýümiñ diametri Ýüplük emele gelende süýümler bükdürilmeli bolýar, şonda inçelik gatnaşygy süýümleriñ ahyrda ýüplügiñ kese-kesiginde nirede ýerleşjekdigini kesgitleýär:

inçe we/ýa-da uzyn süýümler merkezde; gödek we/ýa-da gysga süýümler ýüplügiñ daşky gatlaklarynda; Süýümiñ arassalygy. Peýdaly süýümlerden daşary çig malyñ düzüminde dürli görnüşli özge maddalar saklanýar: Mineral maddalar:

gum; çäge; tozan; daş; Ösümlik maddalar: - ỳapraklaryñ bölejikleri; - çigitleriñ gabygy; - baldaklaryñ bölejikleri;

agaç bölejikleri; Ýag, ýelim we deri: Esasan ýüñ we ýüpek ýaly haýwan süýümlerde bolýar.


Süýümleriñ bölekleri: dargan süýümleriñ bölejikleri (olar iñ soñunda tozana öwürilýär). Başga özge maddalar: - demir bölejikler; - matanyñ bölekleri; - gaplaýjy materiallar (köplenç sintetik maddalardan durýarlar).

Egirme kärhanalarda pagtadan çykýan

dürli özge maddalar.

Pagta çigidiñ bölejikleri.

Darak maşyndan çykýan maýda hapalar.

Özge maddalar önümçilikde uly kynçylyklary döredýärler:

demir bölejikler ýangyna getirip bilýärler, enjamlary zaýalaýarlar (meselem: darak maşynyñ garnituralaryna zeper ýetirýärler); matanyñ bölekleri we gaplaýjy materiallar ýüplügiñ içine özge ýa-da sintetik (polipropilen) süýümleri düşürüp bilýärler. Bu bolsa ýüplügi öz niýetlenen maksadyna laýyk bolmajak ýagdaýyna getirip biler. Ösen ýurtlaryñ egirmeçileriñ öñünde şu gün duran iñ erbet meseleleriñ arasynda özge süýümler bolup durýarlar; ösümlik maddalar çekimde kynçylyklary döredýärler, ýüplügiñ üzülmegine, önümiñ daşky üstüniñ hapa görünmegine, darak garnituralaryñ dykylmagyna we ş.m. ýagdaýlara getirip biler; mineral maddalar hapanyñ çöplenmegine, maşynlaryñ işçi bölekleriñ iýilmegine we sürtülmegine (bu ýagdaý rotor egirmede has aýdyň bolýar) we ş. m. ýagdaýlara getirip biler;

Süýümiñ içindäki özge (sintetik) süýümler.

Özge maddalar mydamada uly mesele bolup durýardylar, emma soñky ýyllarda bu mesele has ýiti duýulyp başlady. Häzirki zaman ýokary-öndürijilikli işleniş usullar ulanylanda (meselem: öñden-boýama, güýçli pagta arassalama, maşynly ýygym, gödek saklanyş, täze gaplaýjy maddalar) has köp hapa döreýär. Täze egirme usullar bolsa, özge maddalara örän çydamsyzdyr. Çig mala baha berlende özge maddalaryñ mukdary hökman hasaba alynýar. Himiki maddalar (şireligi). Pagta süýümlerde şireleýän maddalar saklanýar. Olar esasan gowaçanyñ mör-möjekleriñ bölüp çykarýan maddalary. Şireleýji maddalary şeýle tertipleşdirip bolar:

mör-möjekleriñ bölüp çykarýan maddalary; bakteriýalaryñ önümleri; ösümlik maddalar – nektar, şem, şire we sok; çigit ýagy (pagta arassalananda); sintetik maddalar – defoliantlar, dökünler, himikatlar, pagta ýygýan maşynlaryñ ýagy;

Şireli pagta.

Köp ýagdaýlarda şireli maddalar gantyñ bir topary bolup durýar: fruktoza, glýukoza, saharoza. Şire maddalar ösümliklerde ýaşaýan mör-möjeklerden ýa-da ösümlikleriñ özünden bölünip çykýar. Bu şireleriñ pagtadaky mukdary we goýulygy köp bolsa süýüm ýelmeşip durar. Ýöne önümçilikde şire süýümleriñ ýelmeşip durmagy göni mukdara bagly däl. Pagta saklananda mikroorganizmleriñ fermentleri şire maddalary dargadýarlar. Bu hadysa çyglyk ýokary bolanda has çaltýaşar. Ýöne önümçilik meýdanyñ özünde howanyñ çyglygy tersine pes derejede saklanmaly.

Süýümiñ ýetişikligi.

Bu pagta süýümler üçin möhüm häsiýetdir. Ýetişiklik görkezijisi pagta süýümiñ diwarlarynyñ galyñlygyna bagly. Süýüm ýetişen diýilip hasaplanýar, haçan-da öl süýümiñ diwarynyñ kese-kesiginiñ 50-80 % tutanda, ýetişmedik haçan-da 30-45 % tutanda we öli haçan-da 25%-den az meýdany tutanda. Doly bişip açylan pagtañ gozasynda hem takmyn 5 % ýetişmedik süýüm bolup biler. Şonuñ üçin pagtada mydama-da ýetişmedik süýümler bolýar, ýöne olaryñ mukdaryny bilmek zerur. Ýetişmedik süýümler ýeterli berk we gaty bolmaýarlar. Olar şu meselelere getirip bilýärler:

ỳüplügiñ berkligiñ pes bolmagyna; nepsleriñ döremegine; gysga süýümleriñ köpelmegine; üýtgeşik boýalýarlar; agyr işlenýär (esasan darak maşynda);

Nepsler. Neps bu süýümleriñ kiçijik, bulaşyp çolaşan ýeri ýa-da düwünjagazy. Olar esasan pagtada bolýarlar. Nepsleriñ iki görnüşi bolýar: süýümli neps – ol diñe süýümlerden durýar hem-de çigit-gabyk neps – onuñ içinde çigit, gabyk ýa-da ýaprak bölejikler bolýarlar. Iñ köp duş gelýän görnüşi süýümli nepsdir. Onuñ düzümine esasan ýetişmedik ýa-da öli süýümler girýärler. Şeýlelikde neps mukdary, ýetişiklik derejesi bilen berk baglanşyklydyr. Ondan başga nepsleriñ mukdary inçelige eksponenta şekilli bagly bolýar. Has inçe süýümleriñ gatylygy gödek süýümleriñkiden pesdir. Şonuñ üçin inçe süýümler nepsi has añsat emele getirýärler.

Nepsiñ mikroskop astynda görnüşleri (40 we 1000 esse ulaldylan).


Darak maşynda tapylan nepsler.

Işleniş usullaryñ hem uly täsiri bar. Pagtanyñ düzüminde, meýdanlarda ýetişen wagty hiç neps bolmaýar. Olar pagta maşyn bilen ýygylanda, jinlerde arassalananda döreýärler.

Has köp mukdarda neps tüýtme-arassalama bölüminde ýüze çykýar. Darak maşyn neps mukdaryny ýeterli derejä peseldýän ilkinji maşyndyr. Darak maşynlarda nepsler aýrylanok-da, esasan gönelip düzelýärler. Neps ýüplügiñ daşynda galyñ ýer bolup durýar, bu önümçilikde kynçylyklary döredýär. Soñ nepsler ýüplügiñ beýleki ýerlerinden tapawutly boýalýar we ahyrky çykýan dokma önümiñ daşynda anyk görünip durýarlar.

Ýüpek önümlerde nepsler ýüpek süýüm uzynlygyna bölünende (fibrillýasion hadysasy) ýüze çykýar. Bölünip bulaşan süýümler soñ, önümiñ üstünde kiçijik nokat ýaly görünýär. Olar boýagy kadalaýyk alyp bilmeýärler we ýüpek matanyñ üstünde nokat görnüşinde çykýp durýarlar.

Süýümleriñ egirmä edýän täsirine baha bermek. Süýümleriñ görkezijileriniñ ýüplügiñ görkezijilerine edýän täsiri ýagdaýa görä üýtgäp biler. Olaryñ ähmiýeti her aýry egirme usulynda we ulgamynda aýrydyr. Aşakda adaty we täze egirme usullar üçin süýümleriñ täsirine bahalar berlen.

Berlen görnüşli ýüplük üçin süýümleriñ häsiýetleriniñ ýüplügiñ häsiýetlerine täsir edişi (1-nji orunda iñ möhüm täsir ediji häsiýetler, 5-nji orunda iñ az).

Orny

Ring egirme
Rotor egirme
Open-end friksion egirme
Howa-jet egirme

1.

Uzynlyk we düzgünsizlik
Berklik
Sürtülme
Inçelik

2.

Berklik
Inçelik
Berklik
Uzynlyk we düzgünsizlik

3.

Inçelik
Uzynlyk we düzgünsizlik
Inçelik
Berklik 

4.

Arassalyk
Uzynlyk we düzgünsizlik
Arassalyk

5.


Arassalyk
Sürtülme

Süýüminiñ görnüşini kesgitlemek.

1.Esasy süýümleriñ görnüşini kesgitlemek.

2.Ýüpek süýümleriñ kesgitleniş usullary.

1.Esasy süýümleriñ görnüşini kesgitlemek.

Süýümleriñ görnüşini kesgitlemegiñ ýollary.

Süýümiñ görnüşi

Süýümiñ guruldygy madda
Mikroskop astynda kese kesigiñ şekili
Ýakylan ýagdaýda häsiýetleri
Başga tanama aýratynlyklary

Pagta

Sellýuloza

Böwrek ýa-da noýba şekilli

Derrew we parlak ýanýar.Ýanyk kagyzyñ ysyny çykarýar. Çal reñkli küli galdyrýar.
Kükürt (sera) kislotasynda ereýär. Çyg ýagdaýda berkligi has ýokary.

Zygyr

Sellýuloz

Tertipsiz köpburçluk

Derrew we parlak ýanýar.Ýanyk kagyzyñ ysyny çykarýar.Çal reñkli küli galdyrýar.
Kükürt (sera) kislotasynda ereýär.


Ýüñ

Keratin belok (protein)

Tegelek ýa-da owal

Ýuwaş-ýuwaşdan gaýnap ýanýar. Ýanan dyrnak ysyny çykarýar.


Litiý gipohlorid haýwan beloklary eredýär.

Kaustik soda hem ýüñi eredýär.

Ýüpek

Fibroin belok (protein)

Tegelegräk üçburçluk

Ýuwaş-ýuwaşdan gaýnap ýanýar. Ýanan dyrnak ysyny çykarýar.


Litiý gipohlorid haýwan beloklary eredýär.

Kükürt kislota ýüpegi eredýär.

Wiskoza/modal

Sellýuloza

Islendik şekilli - filýerañ çykaryjy deşikleriñ kesigine bagly

Derrew we parlak ýanýar.Ýanyk kagyzyñ ysyny çykarýar. Çal reñkli küli galdyrýar.
Kükürt kislota sellýulozany eredýär.

Asetat

Sellýuloza asetati
Ýananda damýar, ereýär. Uksus ýaly ýakýar.
Aseton asetati eredýär.

Poliester

Polietilen tereftalat
Ýananda damýar, ereýär.
 

Poliamid

Polikaprolaktam, AH-duzy
Ýananda ereýär. Çal reñkli küli galdyrýar.
Tebigy süýümleriñ gurluşy.
Esasy dokma süýümleriñ halkara belgilenişi we atlandyrylyşy.

t/b

Kody
Iñlisçe
Germança
Italýança
Rusça
Türkçe
Türkmençe

1

WO
Wool
Wolle
Lana
Хлопок
Ýün
Ýüñ

2

CO
Cotton
Baumwolle
Cotone
Шерсть
Pamuk
Pagta

3

LI
Linen
Flachs /leinen
Lino
Лен
Keten
Zygyr

4

CA
Hemp
Hanf
Canapa
Пеньковолокно / конопля
Kenevir
Kenep

5

JU
Jute
Jute
Jute
Джут
Jüt
Jut

6

KE
Kenaf
Kenaf
Kenaf
Кенаф
Kenaf
Kenaf

7

RA
Ramie
Ramie
Ramie
Рами
Rami
Rami

8

SI
Sisal
Sisal
Sisal
Сизаль
Sisal
Sizal

9

SE
Silk
Seide
Seta
Шелк
İpek
Ýüpek

10

VI
Viscose
Viskose
Viskoza
Вискоза
Viskoz
Wiskoza

11

AC
Acetate
Acetat
Acetato
Ацетатные
Asetat
Asetat

12

MD
Modal
Modal
Modal
Модальные
Modal
Modal

13

PR
Protein
R.Proteinfaser
Proteica
Белковые / протеиновые
r.protein
Belokly

14

ME
Metal
Metall
Metallo
Металлические
Metal
Metal

15

AS
Asbest
Asbestos
Amianto
Полипропиленовые
Asbest
Asbest

16

PA
Nylon
Polyamid
Poliammidica
Полиамидные
Poliamit
Poliamid

17

PL
Polyester
Polyester
Poliestere
Полиэфирные/полиэстер
Polyester
Poliefir/poliester

18

PU
Polyurethane
Polyurethan
Poliuretanica
Полиуретановые
Poliüretan
Poliuretan

19

PC
Acrylic
Polyacryl
Acrilica
Полиакрилонит­рильные
Poliakril
Poliakril

20

PP
Polypropylene
Polypropylen
Polipropilenica
Полипропиленовые
Polipropilen
Polipropilen

21

PE
Polyethylene
Polyäthlen
Polyetilenica
Полиэтиленовые
Polietilen
Polietilen

22

EA
Elastene
Elasthan
Elastan
Эластановые
Elastan
Elastan

2.Ýüpek süýümleriñ kesgitleniş usullary.

Hakyky tebigy ýüpegi emeli ýüpekden tapawutlandyrmak gaty kyn diýen pikir giñ ýaýrandyr. Hakykatdan, ýüpegiñ hakyky (tebigy) ýa-da hakyky däldigini bilmek üçin ýönekeý spiçka ýa-da zažigalka ýeterlidir. Çig malyñ düzümi gyzyklandyrýan matasyndan bir-näçe sapagy soguryp almaly we seresaplyk bilen olary ýakyp görmeli. Şol pursat olary ysgamaly – ýakylan ýüpegiñ ýanan ýüñe ýa-da dyrnaga meñzeş ysy bar. Ýüpege tapawutlylykda ýananda wiskoza ýakylan kagyzyñ ysyny çykarýar, poliester (poliefir) bolsa diñe ereýär. Ýanan ýüpegiñ külini edil kömüri ýaly elde mynjyradyp ýazmak bolýar. Islendik mata satýan dükanynda şular ýaly barlagy geçirmäge mümkinçilik berilýär.

Ýabany ýüpek köplenç tussah ady bilen satylýar. Antheraea mulitt görnüşli ýüpek gurçugy,tut agajyň ýerine dub agaçda ýaşaýar. Ýabany ýüpek dub agaçda ösýän ýabany ýüpek gurçugyñ pilesinden daralyp aýyrylýar.  Şonuñ üçin ol ýüñe ýa-da zygyra has meñzeýär. Dub agaçlaryň ýapraklaryndan ýabany ýüpek gurçugy düzgünsiz we gödek süýümi çykarýar. Bu süýümi agartmak we boýamak agyr. Dubuň ýapragynda tanin maddasy bolan üçin ýabany ýüpegiň goňurrak reňki bar. Ony köplenç şol durşuna tebigy reňkli sapak görnüşinde ulanýarlar, örän seýrek ýagdaýlarda boýaýarlar. Standart ýabany ýüpek sapagy 8 sany pileden edýäler, onuň inçeligi ortaça 32/34 denýe bolýar. Ýabany ýüpek adaty ýüpekden az öwüşgenli, sebäbi onuň ýelimi aýyrylýar. Ýabany ýüpekden edilen matalar has çydamly bolýar, gowy ýuwulýar, olaryň bahasy bolsa boýalan arassa ýüpek mataňkydan has arzan. Ýabany ýüpekden edilen matalaryñ arasynda raja, şantuk, tussah we pongee görnüşleri meşgur.

Tekstil barada turkmence web-site linkler:

Okuw web-site - http://www4.ncsu.edu/~bovezmu/

Pagta barada - "http://tk.bywiki.com/wiki/Pagta"

[1]

Edebiýatlar - References W.Klein, Short-staple spinning series 1995 Миловидов Н.Н., Фаминский П.П., Шишкунова Е.Н. Проектирование хлопкопрядильных фабрик. М.: Легкая и пищевая промышленность 1983 Справочник по хлопкопрядению. М.: Легкая индустрия 1987 Власов П.В., Сурнина Н.Ф. Проектирование ткацких фабрик. М.: Легкая индустрия 1983 Бадалов К.И., Жоховский В.В., Осьмин Н.А. Прядение хлопка и других текстильных волокон. Москва 1980. Bülent Gemici. Pamuk iplikçiligi ders kitabı. Bornova/İzmir 1999

"http://tk.bywiki.com/wiki/Pagta"