SSSR 1946-1950-nji ýyllarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Mowzuk : SSSR 1946-1950-nji ýyllarda.

M E Ý I L N A M A :

1. SSSR-iň ykdysady kynçylyklary we maliýe ulgamy.

2. Halk hojalygynyň pudaklaryny dikeltmek.

3. SSSr-iň halkara gatnaşyklaryndaky orny.

Ikinji jahan urşy SSSR halklarynyň beýik ýeňşi bilen tamamlandy. Ýöne oňa ägirt uly adam we maddy ýitgiler bilen ýetilipdi. Adamzat taryhynda hiç bir ýurt hereketleri netijesinde şeýle uly zarba almandy. Sowet Soýuzy 30%-e golaý milli baýlyklaryny we onlarça million adamyny ýitirdi. Faşistik basyp alyjylaryň sowet ýerlerinden kowlup çykarylan ilkinji günlerinden azat edilen etraplaryň hojalygyny dikeltmek işi başlanýar. Eýýäm 1941-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 29-ynda SSSR-iň HKS. Podmoskowýanyň kömür känleriniň şahtalaryny dikeltmek boýunça karary çykýar. 1943-nji ýylda dikeldiş işlerini guramak üçin SSSR-iň Halk komissarlar Sowetinde ýörite komitet döredilýär. SSSR-iň Gospitalynda bolsa – bu işe dahylly edara pudaklaryň işiniň meýilnamalaşdyrlyşyny üpjün edýän edara döredilýär. BKP(b) MK we SSSR HKS 1943-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 21-inde “nemes basyp aljylaryndan azat edilen etraplaryň hojalygyny dikeltmegiň gaýragoýulmasyz çäreleri hakynda” çykaran Karary dikeldiş işlerini geçirmegiň maksatnamasyny we olary durmuşa geçirmegiň serişdelerini anyklady. SSSR Gospitalynda we ylmy edaralarynda halk hojalygyny tutuş we aýry-aýry pudaklary dikeltmegiň gysga wagtlyk we uzak wagtlyk meýilnamalary işlenip düzüldi.

Azat edilen etraplaryň senagatyny dikeltmek boýunça ähli sowet halklarynyň bilelikdäki yhlasy netijesinde ýurduň ykdysady kuwwaty dikeldildi. Ähli respublikalar azat edilen etraplaryň oba hojalygyny dikeltmäge kömek etdiler. Meselem, olarda maldarçylygy dikeltmek üçin Gazagystan SSR-i 550 müň mal, Gyrgyzystan SSR-i 130 müňden gowrak, Gruziýa SSR-i 30 müňe golaý baş mal bölüp berdi.

Şeýlelikde dikeldilen kolhozlar 1,7 mln bar mal we 516,8 müň baş öý guşlaryny aldylar. Döwlet kolhozçylary tohum bilen üpjün etdi. 1944-nji ýylda ekiş möwsümini geçirmek üçin döwlet tarapyndan 50 müň tonna galla goýberildi. Diňe Litwa SSR-ine 1945-nji ýylda 10 müň tonna däneli ekinleriň we 4 müň tonna kartoşkanyň tohumy goýberildi. Eýýäm, 1944-nji ýylda azat edilen etraplarda 16 mln gektardan gowrak ýer ekilipdi. 1945-nji ýylyň başynda azat edilen ýerlerde 84700 kolhoz, 1883 sowhoz we 3093 maşyn traktor stansiýasy dikeldilipdi. Olar bilen uruşa çenli ekilen meýdanyň 72%-i ekilipdi we urşa çenli alnan oba hojalyk önümleriniň 51% alyndy, şol sanda galla önümleriniň ýary, gant şugundurynyň 75%, süýt we süýt önümleriniň 30%, guşlaryň we mallaryň 25% alyndy.

Urşuň tamamlanmagy bilen näçe zähmet siňdirilse-de halk hojalygy esasy görkezijiler boýunça uruşdan öňki derejesine ýetip bilmedi. 1940-njy ýyl bilen deňeşdireniňde senagat önümleri 91% düzýärdi, kömür çykarmak 90%, nebit 2%, çoýun eretmek 59%, polat 67%, mata dokamak 41%, ulaglaryň ähli görnüşinde ýük daşamak 43%, işçileriň we gullukçylaryň orta ýyllyk sany 87%-di. Ekin meýdanlary 37 mln gektar kemeldi, mallaryň baş sany 7 mln kemeldi. Ýurduň girdejisi 1940-njy ýyldaky derejesi bilen deňeşdireniňde 1945-nji ýylda 83% azaldy.

Uruş esasan zähmet güýçlerine uly zarba urdy, işçileriň we gullukçylaryň sany 5,3 mln adam kemeldi, şol sanda senagatda 2,4 mln adam, oba ýerlerinde zähmete ukyply ilatyň 1/3 kemeldi, zähmete ukyply erkekler 60% kemeldi.

1946-njy ýylyň Nowruz aýynda SSSR Ýokary sowetinde 1946-50 ý. aralygynda halk hojalygyny dikeltmegiň we ösdürmegiň bäş ýyllyk meýilnamasy tassyklandy. Onuň esasy wezipesi – ýurduň uruşda heläkçilik çeken etraplaryny dikeltmek, senagatda we oba hojalygynda ösüşiň urşa çenli derejesine ýetmek, soňra ondan geçmekdi. Bäş ýyllyk meýilnama faşistik basyp alyjylardan ejir çeken etraplary, tebigy önümçilik we adam baýlyklaryny tiz ara dikeltmäge we ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendi.

Bäş ýyllyk meýilnama esasynda öňde goýlan halk hojalygyny dikeltmek we ösdürmek işlerini durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlarynyň uly möçberi gerekdi. Dördünji bäşýyllygyň ýyllary içinde döwlet we kooperatiw edaralarynyň we kolhozlarynyň maýa goýumlarynyň möçberi 348,7 milliard rub boldy. Bu mukdaryň çärýegine golaýy uruş wagtynda heläkçilik çeken sebitlere goýberildi. Maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek uly pul ätiýaçlyklaryny talap edýärdi. Ulanyşyga goýberilýän dikeldilen kärhanalary dolandyrmak üçin serişde gerekdi. Medeni durmuş çärelerini geçirmek işinde býudžetiň ulaldylmagy zerurdy.

Jemgyýetçilik önümçiliginiň gurluşyndaky özgertemeler uruşdan soňky ýyllarda sowet maliýe ulgamynyň ýagdaýyna oňňyn täsir etdi. Jemgyýetçilik önümçiliginde senagatyň paýy artdy. Ýurduň milli girdejileriniň ösüşi has artdy. 1949-njy ýylda ol 17%, 1950-nji ýylda bolsa 21% ösdi. Milli girdejiniň ösmeginiň esasy şerti zähmet önümçiliginiň ösmegidi.

Şeýlelik bilen, jemgyýetçilik önümçiliginiň gurluşynyň kämilleşmegi, önümçiligiň ösmegi ýurduň milli girdejileriniň ösmegine, maliýe ulgamynyň berkemegine, uruşdan soňky bäşýyllygyň ýyllarynda 325-den 422 mlrd rub. çenli ösen SSSR döwlet býudžetiniň bisydyrgyn ösmegine ýardam berdi. Uruşdan soňky ýyllarda maliýe ulgamyny berkleşdirmäge 1947 ýylda geçirilen pul reformasyda ýardam etdi. Uruş ýyllarynda ägirt uly harby çykdajylar we döwlet býudžetiniň gytçylygy zerarly döwlet bu çäräni geçirmäge mejbur boldy. Ondan başga-da wagtlaýynça basyp alan ýerlerinde faşistler SSSR-iň ykdysadyýetine zarba urmak maksady bilen ýasama pullary dolanşyga goýberdi. Bu zatlaryň ählisi bolsa uruşdan soň dolanşykda pullaryň uly möçberiniň uruşdan öňki ýagdaýyndan 3,8 esse köp puluň bolmagyna getirdi, bu bolsa rublyň satyn aljylyk ukybyny peseldýärdi. Hojalyk hasaplaşygyny ösdürmek üçin, halk hojalygynda önüm-pul gatnaşyklaryny berkitmek üçin, sowet rublynyň doly gymmatlygyny dikeltmek üçin puluň ähmýetini ýokarlandyrmak üçin dolanşykdan pullaryň artykmaçlaryny aýyrmak zerurdy. Pul reformasy bilen bir wagtda kartorka ulgamy ýatyryldy. 1946-1950-nji ýyllarda döwlet býudžetinden bölünip goýberilen 708,4 mlrd rub. halk hojalygynyň pudaklaryny dikeltmek, olary tehniki taýdan täzeden ýaraglandyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmekde esasy çeşme bolup hyzmat etdi.

Halk hojalygynyň pudaklaryny dikeltmek.

Halk hojalygynyň pudaklaryny dikeltmeklik halk hojalygynyň uruşdan soňky ýyllarda başdan geçirýän kynçylyklary bilen bökdelýärdi. Olaryň hatarynda gurluşyk enjamlarynyň, esbaplarynyň,çig malyň ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bardy.

Uruş ýyllarynda ykdysadyýetiň harby ugra gönükdirilmegi senagatyň aýry-aýry pudaklarynda ýeňip geçmesi zerur bolan kynçylyklary döredýärdi. Diňe bir aýry kärhanalaryň arasyndaky üzülen önümçilik aragatnaşyklaryny dikeltmek däl-de ýurduň senagat merkezleriniň arasyndaky üzülen önümçilik gatnaşyklaryny dikeltmek işini ýola goýmalydy, parahatçylyk döwrüniň wezipelerinden ugur alyp halk hojalygynyň pudaklarynyň arasynda material, maliýe, zähmet baýlyklaryny, senagat kärhanalarynyň önümleriniň umumy mukdaryny belli bir derejede ýokarlandyrmak işlerini amala aşyrmalydy.

Uruşdan soňky ýyllaryň tapawutly aýratynlygy-da dikeldiş işleriniň täze senagat kärhanalaryň gurluşygy bilen utgaşdyrylmagydy. Diňe faşistlerden azat edilen respublikalarda we welaýatlarda 263 sany täze kärhanalaryň gurluşygyna başlandy. Olaryň arasynda rezin tehniki önümleriň Kursk zawody, Minskiniň awtomobil zawody bardy. Dikeldiş işleriniň we täze gurluşyklaryň çäkleri we depginleri şeýle bir giňdi we ýokarydy. Şonuň hasabyna halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň görkezijileri bäşýyllygyň ahyryna urşa çenli döwrüň görkezijilerinden has ýokary boldy. Şeýlelikde, kömür 1940-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 57% köp, nebit 22% köp gazylyp alyndy, gara metallary öndürmek 45%, maşyn gurluşyk zawodlarynyň önümleri 2 esse ýokarlandy.

Uruş oba hojalygyna uly zarba urdy. Faşistler ähli kolhozlaryň we sowhozlaryň 40%-den gowragyny taladylar we ýok etdiler. Oba ýerleriniň zähmete ukyply ilaty 35,4 mln adamdan 23,9 mln adama çenli gyzgaldy. Oba hojalygynda traktorlaryň sanawy uruşdan öňki derejesi bilen deňeşdireniňde 59% düzýärdi, atlaryň sany bolsa 14,5 mln bolanlygyndan 6,5 mln çenli azaldy. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň 36 mln ga we ýygnalýan dänäniň 762 mln-dan 333 mln sentnere çenli kemelmegine getirdi. Umuman, oba hojalyk önümçiligi 40% azaldy. Beýik watançylyk urşundan soňra oba hojalyk önümçiliginiň derejesi uruşa çenli döwür, Birinji Jahan urşundan soňky döwür we Raýatlyk urşundan soňky döwür bilen deňeşdireniňde has aşakdady.

Uruşdan soňky bäşýyllygyň ilkinji ýyly urşuň oba hojalygyna uran zarbasy zerarly örän çökder garyplyk geçdi, tebigy betbagtlyk boldy. Ukrainany, Moldowany, Merkezi Gara deňiz kenarlaryny Powolžiýäniň orta we aşak böleklerini gurakçylyk gurşap aldy. Bu soňky 50 ýylda ýurduň başyna düşen iň uly gurakçylykdy. 1946-njy ýylda kolhozlar urşa çenli döwür bilen deňeşdireniňde 2,6 esse az galla ýygnadylar. Gurakçylyk maldarçylyga-da uly zyýan ýetirdi. Gurakçylygyň ýaýran etraplarynda diňe iri şahly mallaryň sany 1,5 mln baş azaldy. Gurakçylykdan ejir çeken etraplary halas etmäge ýurduň beýleki sebitleri maliýe serişdelerini iberdiler.

Uruşdan soňky ýyllarda ýurduň ýolbaşçylary kolhozçy daýhanlary ykdysady taýdan garaşly ýagdaýa saldy, kolhozçylar ýarym krepostnoý ýagdaýdadylar, olara senagatda işleýänlere berilýän durmuş ýeňillikleri täsir etmeýärdi, häkimiýetiň görkezmesi bolmasa-da oar obany terk edip bilmeýärdiler. Önümleriň arzanladylan nyrh bilen satylmagy daýhanlar üçin goşmaça urgydy, seäbi ol satyn alyjylyk bahaň aşakladylmagy arkaly amala aşyrylýardy.

Oba we tokaý hojalygyny ösdürmek üçin döwlet býudžetinden ýylsaýyn köp serişde goýberilýärdi. Şeýlelikde, bu önümleriň diňe bir möçberi däl-de, eýsem olaryň halk hojalygynda sap edilişide artdy. Eger 1946 ýylda olar 12,9 mlrd rub ýa-da halk hojalygynda sarp edilişi 11,9% bolan bolsa, onda 1950-nji ýylda olaryň möçberi 34 mlrd rub, halk hojalygynda sarp edilişi 21,6% boldy. Uruşdan soňky bäşýyllygyň ýyllary içinde döwlet býudžetinden oba we tokaý hojalygyna 115,5 mlrd rub gönükdirildi.

Oba hojalygyna döwlet tarapyndan merkezleşdirilen kömekden başga-da senagat kärhanalary we şäher ýaşaýjylary tarapyndan az kömek berilmedi. Şäher kärhanalary onlarça ýaşaýyşjaýlaryny, maşyn-traktor stansiýalaryny, önümçilik binalaryny, klublary, kitaphanalary we ş.m. gurdy we abatlaýyş işlerini geçirdi. Bularyň ählisi oba hojalygynyň material-tehniki bazasyny berkitmäge kömek etdi. Emma oba hojalygyna serişdeler ýetmeýärdi. Oba hojalygyny çig mal bilen üpjün etmek 1946-njy ýylyň gurakçylygynda has-da kynlaşdy. Döwletiň öňünde ýurduň gurak etraplarynyň tebigatyny meýilnamalaýyn üýtgetmek, oba hojalyk önümçiliginiň tebigy şertlere baglylygyny peseltmek wezipesi ýitiligi bilen ör boýuna galýardy.

Ekerançylygyň köp ýyllyk tejribeleri we ylmy barlaglar gurakçylyk bilen göreşmegiň bir usulynyň baýyrlyk etraplarda tokaý hojalygyny döretmekligine şaýatlyk edýärdi. Tokaýlar ýerleri gurakçylykdan goraýarlar, ýeriň suw rejesini gowulandyrýar, howany çglandyrýar, ekerançylyk üçin oňaýly howa şertlerini döredýär, topragyň ýüzüniň ýuwulmagynyň öňüni alýar. Baýyrlyk we dogluk etraplarda tokaýlary ösdürmäge we olara döwlet möçberinde guramaçylyk häsiýetini bermek üçin SSSR-iň Ýewropa böleginde tokaýlaryň, baglaryň ösüşini üpjün etmek üçin howdanlaryň we howuzlary gurmagyň Meýilnamasy kabul edildi. Onda esasy üns tokaý ösdürmäge berilýärdi. 1950-1965-nji ýyllar aralygynda esasanam RSFSR-iň we USSR-iň 16 welaýatynda 5320 km uzynlykda 8 sany iri döwlet tokaý zolagyny döretmek göz öňünde tutulýardy. Ondan başgada kolhozlatda we sowhozlarda umumy meýdany 5 mln 709 müň ga bolan gorag tokaý zolagy döredilmelidi.

1949-njy ýylyň baharynda bag oturtmak ri uly gerim bilen barlandy. Bu iş esasanam Krasnodar ülkesinde, Stalingrad, Rýazan, Rostow we Tula welaýatlarynda işjeň alynyp barylýardy.

Uruşdan soňky bäşýyllygyň ilkinji başlanan ýeri işlemek, oba hojalyk önümçiligi üçin şertleri gowulandyrmak oňňyn netijeleri berdi. Kolhozlar we sowhozlar 1951-nji ýyla çenli gorag tokaý zolaklary 1852 müň ga meýdana oturtdy : Kamyşin-Wolgograd-Woronež-Rostow-na-Donu, Penza-Kamensk, Belgorod-Don, Çapaýewsk-Wladimirowka we başgalar. Olaryň uzynlygy 6 müň km-den uzyndy. 40 ýyl mundan öň döredilen gorag tokaý zolagy şu günki gün 25 mln ga ýeri goraýar.

Şeýlelik bilen, uruşdan soňky bäşýyllygyň ýyllary içinde senagatyň we oba hojalyk önümçiliginiň dikeldilemgi netijesinde önümçilik 1940-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 73%, maýa goýum – üç esse, zähmet öndürijiligi – 37%, milli girdeji – 4% artdy.

1948-nji ýylda Pluton öndürmek boýunça birinji reaktor döredildi. 1949-njy ýylda atom ýaragy synag edildi, 1953-nji ýylda wodorod bombasy, 1954-nji ýylda dünýäde ilkinji atom elektrik stansiýasy dolanyşyga girdi.

Uruşdan soňky ilkinji ýyllarda syýasy repressiýa güýçlendirildi. “Leningrad işi” diýip atlandyrylan iş boýunça ýüzlerçe adam repressiýa edildi, 200-den gowrak adam atyldy. 1953-nji ýylyň başynda “lukmanlaryň işi” diýip atlandyrylan işe seredildi. Olar Stalini we beýleki partiýanyň we hökümetiň ýolbaşçylaryny fiziki taýdan ýok etmegi guramakda aýyplanýardylar.

Ylmyň täze ugurlaryna (genetika, kibernetika we başgalara) “imperializmiň ýaragy” diýilip töhmet atylyp uly zarba uruldy.

SSSR-iň halkara gatnaşyklary.

SSSR-iň ykdysady kynçylyklarynyň üstune daşary syýasatyň meseleleri-de goşulýardy. Baryp 1945-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Stalin “Bu uruş öňkülere meňzemeýär, kim haýsy çäkleri eýelese, oňa şol ulgamy berer, goşun nirä baran bolsa şol ýerlere hökman başgaça bolup bilmez” diýipdi. SSSR-iň halkara abraýynyň artmagy, onuň Albaniýada, Bolgariýada, Wengriýada, Gündogar Germaniýada, Polşada, Rumyniýada, Çehoslowakiýada, Ýugoslawiýada sosialistik gurluşy girizmäge edýän kömegi Günbatar döwletleriň aladasyny artdyrdy. ABŞ we Beýik Britaniýa SSSR babatynda, “kommunizmi saklamaly” we “kommunizmi Sowet Soýuzynyň serhetlerine zyňmaly” diýen wezipeleri öňlerinde goýdular. Şu maksat bilen ABŞ Ýewropanyň uruş netijesinde ejir çeken ýurtlaryna kömek bermek boýunça giň gerimli (“Marşalyň meýilnamasy”) işe başlady. 1949 ýylda NATO harby blogy döredildi oňa ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa we beýleki Ýewropa ýurtlary girdiler. Oňa gapma-garşy SSSR-iň başlangyçlary boýunça 1949-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda özara ykdysady kömek soweti döredildi, ol öz agzalarynyň “halk hojalygynyň meýilnamalaýyn ösmegine ýardam etmegi” maksat edinýärdi. ÖYKS-iň agzalygyna SSSR, Bolgariýa, Wengriýa, Polşa, Rumyniýa we Çehoslowakiýa girdiler.

1949-njy ýylda dünýäde güýçleriň täze gatnaşyklary, 2 sany topar – ABŞ we SSSR emele geldi. Olar bu döwre çenli täze gurallaryň (ýadro ýaragy) eýeleridiler we dünýä syýasatyna täsir edýärdiler.

Eýýäm 1946-njy ýylyň başynda gitlere garşy öňki ýaranlar “sowuk uruş” ýagdaýyndadylar. Sowet Soýuzy daşary ykdysady kömekden mahrum edilipdi we urşuň weýran eden hojalygyny öz güýçlerine daýanyp dikeltmelidi.