Sowet döwründe oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwrüň taryhynyň öwrenilişi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Sowet döwründe oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwrüň taryhynyň öwrenilişi.

M E Ý I L N A M A

1. Oktýabr rewolýusiýasy we Türkmenistanda taryh ylmyny ösdürmek boýunça geçirilen ilkinji çäreler.

2. Gadymy döwrüň taryhynyň öwrenilişi.

3. IX – XVI asyrlaryň taryhynyň öwrenilişi.

4. XVIII – XX asyrlaryň başlarynyň taryhynyň öwrenilişi.


Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşi oktýabr rewolýusiýasy bilen baglanşykly. Bu rewolýusiýa ösüşiň düýpli ýetmezçilikleriň bardygyna seretmezden türkmen halkynyň öňünde ykdysadyýetiň, medeniýetiň we ylmyň ösmegi üçin giň ýol açdy. Oktýabr rewolýusiýasyna çenli türkmen halkynyň baý taryhy geçmişi tutuşlygyna öwrenilmän gelýärdi. Türkmenistanda ýörite ylmy edaralaryň ýokdugy sebäpli onuň territoriýasyndaky ýaşaýan halklaryň dürli taryhy döwürlerdäki taryhy ösüşi öwrenilmän galýardy. Patyşa hökümeti milli gyra-çet ülkelerde medeniýetiň ojaklaryny döretmek barada düýbünden gyzyklanmaýardy. Diňe Gündogaryň arheologiýasy we taryhy bilen gyzyklanýan Zakaspi kružogy ülkäni öwreniş muzeýi işleýärdi. Bu kružoga höwesjeň alymlar şol sanda milli intellegensiýanyň az sanly wekilleri gatnaşýardy. Ol XIX asyryň 90-njy ýyllarynda döredildi. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmek boýunça ilkinji wezipe onuň dokumental bazasyny döretmek bolýar. 1920-nji ýylda Türkmenistanda Zakaspi oblast arhiw bölümi döredilýär. Onda rewolýusiýa çenli döwrüň administratiw guramalarynyň, ýerli we oblast sowetleriniň hem-de rewkomdaky, harby bölümleriň we Zakaspi flotunyň kärhanalarynyň materiallary jemlenýär.

1922-nji ýylda RK(b)P-nyň türkmen oblast komitetiniň ýanynda Istpartyň oblast býurosy döredilýär. Onda A.Melkumow, G.I.Karnow we beýlekiler işleýär. TSSR-iň döredilmegi bilen 1924-nji ýylyň Sanjar aýynda TK(b)P-nyň MK-sy Istpartotdeli döredilýär. 1927-nji ýylda onda Partiýa arhiwi döredilýär hem-de respublikanyň partiýa dokumentlerini jemläp başlaýar. 1929-njy ýylda TK(b)P-nyň MK-synyň Istpartotdeli ýatyrylýar. 1927-nji ýylda ylmy işleri hödürlemek üçin HNS-niň ýanynda türkmen medeniýetiniň Instituty döredilýär. 1929-njy ýylda Türkmenkultyň arheologiki seksiýasy döredilip, ol Türkmenistanyň ähli territoriýasynda barlag işlerini alyp barýar. 1932-nji ýylda Türkmenkult türkmen döwlet ylmy-derňew institutyna öwrülýär.

30-njy ýyllaryň başynda “Turkmen wedeniýa” žurnaly çykarylyp başlanýar. Onuň sahypalarynda dürli asyrlar taryhy, etnografiýalar we taryhy-ykdysady häsiýetli makalalar bilen çykyş edip başlaýarlar.

1934-nji ýylda Ýe.L.Şteýnbren “Türkmenistanyň taryhynyň oçerkleri” diýen işini çap edýär. Onda XIX-XX asyryň başlarynda dörän taryh öz beýanyny tapýar. Bu işde köp sany gyzykly maglumatlar bilen bir hatarda nätakyk netijelerden hem azat däl. Aýratynda türkmenleriniň sosial-ykdysady ösüşi, hojalygy hem-de oktýabr rewolýusiýasy (turkm.da) meselelerinde 1938-1939-njy ýyllarda belli gündogary öwreniji alymlar “Türkmenistanyň we türkmenleriň taryhy boýunça materiallar” diýen 2 tomlygy çap edýärler. Onda arap, eýran, hywa we we buhara awtorlarynyň VIII-XIX asyrlardaky köp sanly eserlerden örän gymmatly parçalar çap edilýär. Bu iş sowet taryhçylaryna Türkmenistanda ýaşan halklar we taýpalar barada orta asyr çeşmeleri rus dilinde berilýär.

Türkmenistanyň gadymy taryhyny öwrenmekde hem alymlar öndürijilikli işlediler.1985-nji ýylda W.N.Pinepko “Demirgazyk-Günbatar Baktriýa obalary” diýen uly göwrümli monografiýasyny çap etdi. Bu işde Günorta-Gündogar Türkmenistanyň antik ýadygärlikleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Işde arheologiki taýdan öwrenmekligiň taryhy, maddy tapyndylar, gadymy baktriýa, grek baktriýa, Ýueşiý, Kuşan, Kuşan-Sasanit arheologiki kompleksleri barada baý maglumatlar berilýär.

Gadymyýeti öwrenmekde GTAKÄ-niň işleriniň XIX asyryň “Gadymy ýazuw” diýlip atlandyrylan makalalar toplumyndan durup, Margiananyň we Baktriýanyň ahamenitlere çenli döwrüniň problemalaryna seredýär. Işde Merw oazisinde erk galanyň dörän gününden bärki taryhyna seredilýär. B.e.öňki 1 müň ýyllykdan täze b.e. VIII asyryna çenli Gäwürgalanyň taryhyny döwürlere bölýär.

Köp sanly täze arheologiki maglumatlar ylmy dolanşyga girizilýär. Margiana bilen Baktriýanyň araçägi, obalarynyň aýratynlyklary, görnüşleri görkezilýär. Antik döwre çenli döwürde Orta Aziýanyň taryhynda Margiananyň we Baktriýanyň orny we ähmiýeti giňşleýin görkezilýär.

1980-nji ýylda Merwiň 2500 ýyllygyna bagyşlanyp W.I.Sarianidiniň “Marguş ýurdunyň gadymyýeti” diýen uly göwrümli işi çap edildi. Bu işde Günorta Gündogar Garagumda Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň barlaglarynyň netijesi öz beýanyny tapýar. Öň ylymda belli bolmadyk Marguş ýurdy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Bir topar gadymy ilatly punktlar ýüze çykarylýar. Keramika önümleri, misden, bürünçden, süňkden, daşdan bejerilen önümler tapylýar. Bu tapyndylar giçki bürünç asyryna degişlidir (II müň ýyllygyň ikinji ýarymy, I müň ýyllygyň başlangyjy). Bu ýerdäki ýurdy behistun ýazgylarynda “Marguşlar ýurdy” diýip atlandyrsa, grek-rim awtorlary “Margiana” diýip atlandyrýarlar.

Gadymy Jeýhunyň ýadygärliklerini öwrenmeklige B.Gutlyýewiň “Gadymy Jeýhunyň ýadygärliklerine syýahat” diýen işi bagyşlanýar. Bu işde Jeýhunyň 120-ä golaý arheologiki ýadygärlikleriniň birnäçesi barada täze arheologik barlaglaryň netijeleri peýdalanylyp, ýadygärlikler barada dürli rowaýatlar getirilip, taryhy wakalar yzygiderli beýan edilýär. Kitapçada awtor kähalatlarda orta asyr arap çeşmelerine, mongollar zamanasynyň ýazuw çeşmelerine, köplenç hem has ygtybarly arheologik tapyndylara daýanyp Lebapdaky has uly we oňat saklanyp galan arhitektura ýadygärlikleri barada giňişleýin durulýar.

Oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwrüň taryhyny öwrenmekde Moskwanyň, Leningradyň, Daşkendiň hem-de Aşgabadyň taryhçy alymlarynyň uly toparynyň gatnaşmagynda “VIII-XIX asyrlarda türkmen halkynyň we Türkmenistanyň taryhyndan oçerkler” diýen kitaby A.Garryýew, W.T.Myşnowa, A.Ýu.Ýakubowskiý, A.N.Nasonow tarapyndan 1954-nji ýylda çapdan çykarylyp, onda Türkmenistanyň taryhynyň orta asyrlary we täze döwri (Russiýa birleşdirilen döwrüne çenli döwür) özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Bu işde ilki bilen Türkmenistanyň syýasy taryhy boýunça baý takyk maglumatlar berýär. Oçerkleriň maglumatlarynyň esasy bölegi Türkmenistan SSR-niň taryhy çapa taýýarlananda peýdalanylýar.

Ady agzalan uly göwrümli işi çapa taýýarlamakda 1956-njy ýylda çapdan çykan A. Garryýewiň hem-de A.A.Roslýakowyň “Türkmenistanyň taryhy boýunça gysgaça oçerk” diýen iş hem giňden peýdalanylyp onda Türkmenistanyň taryhynyň Oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwri giňişleýin beýan edilýär.

Türkmenistanyň Oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwrüniň taryhyny öwrenmekde arhiw dokumentleriniň we materiallarynyň çap edilmegi (XVIII-XIX asyrlardaky rus türkmen gatnaşyklary (Orsýede birikdirilen döwüren çenli) arhiw dokumentleriniň ýygyndysy. Aşg. 1963; Türkmenistanyň Orsýede berikdirilmegi. Arhiw dokumentleriniň ýygyndysy. Aşg. 1960; 1881-1907-nji ýyllarda Türkmenistana rewolýusion pikirleriň (ideýa) ýaýramagy we rewolýusion hereketiň ösüşi”. Dokumentler we maglumatlar. Aşg. 1962 we ş.m. uly ähmiýete eýe boldy.

60-njy ýyllardan başlap türkmenleriň etnogenezi, olaryň sosial hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşy, hojalygy hem-de Türkmenistanyň Orsýede birikdirilmegi baradaky meseleleri düýpli öwrenmeklige synanyşyk edildi.

S.T.Agajanowyň, A.A.Roslýakowyň, M.Annanepesowyň, S.Haýibiniň ylmy makalalary XVIII-XIX asyrlarda türkmenleriň hojalyk durmuşyny öwrenmeklik barada dürli garaýyşlar hem-de etnogenetiki materiallary analizlemeklige bagyşlanýar. A.Garryýewiň, H.Agaýewiň, D.Dawydowyň hem-de I.Ylýasowyň işleri Günbatar we Günorta Türkmenistanyň Orsýede birleşmekligine taýýarlygy we birleşdirilen prosesine bagyşlanýar.

S.T.Agajanowyň 1969-njy ýylda çapdan çykan “IX-XII asyrlarda Orta Aziýanyň oguzlarynyň we türkmenleriň taryhyndan oçerkler” diýen uly göwrümli monografiýasyny ýazyp, bu monografiýada köp sanly takyk maglumatlaryň esasynda türkmenleriň we olaryň ata-babalarynyň taryhynyň örän çylşyrymly meselelerini açyk görkezdi. Işde oguzlaryň gelip çykyşy, olaryň jemgyýetçilik gurluşy, hojalygy, durmuş ýagdaýy öz beýanyny tapýar. Mundan başgada seljuk, onuň döreýşi, seljuklar urugynyň güýçlenmegi, olaryň Horasana aralaşmagy, seljuk-gaznawit uruşlary, seljuklar döwletiniň döremegi we güýçlenmegi, basyp alyşlar, administratiw döwlet gurluşy, salgyt sistemasy we köp sanly beýleki meseleler barada giňişleýin durýar. Awtor mundan başgada özüniň “Seljuklar we Türkmenistan XI – XII asyrda” diýen monografiýasyny 1972-nji ýylda çap etdi.

1991-nji ýylda A. Jykyýewiň “Orta asyrlar döwründe türkmen halkynyň döreýşinden we kemala gelşinden oçerkler ” diýen uly göwrümli monografiýasy çapdan çykdy. Bu işde takyk taryhy materiallaryň esasynda türkmen halkynyň döreýşiniň taryhy beýan edilýar. Türkmen halkynyň kemala gelmek taryhy bilen baglanyşykly köp sanly döwletler halk gürrüňleri gyzykly we sada dilde berilýär. Türkmenistanyň ilatynyň ählisi taryhy onuň esasy etaplary, türkmen halkynyň kemala gelşinde aýgytly rol oýnap Günorta we Günorta – Gündogar bölekleriniň aýratynlyklary derňelýär.

O. Amanbaýewiň “Türkmenistan we türkmenler XVIII asyryň I ýarymynda” Aşgabat., 1980. monografiýasy taryhçy Muhammet Kazynyň “name-ýi alam arz-ýi Nadiri ” diýen işini öwrenmeklige bagyşlaýar. Bu iş Türkmenistanyň we onuň Merkezi Aziýa araçäkleşýän döwletleri tarapynda uly rol oýnaýar. Bu işde syýasy wakalar bilen bir wagtda Horasanyň we Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi barada hem baý maglumatlar berilýär.

1981-nji ýylda çapdan çykan O. Jaýewiň “Türkmenistan we türkmenler XV asyryň aýaklarynda XVI asyryň 1-nji ýarymynda ”diýen monografiýasynda anonim pars çeşmesi bolan “Alam ara-i Sefewi“ diýen iş derňelýär. Bu işde sefewiler bilen şeýbanylaryň arasyndaky uruş döwründäki Türkmenistanyň taryhy söz beýanyny tapýar. Ors türkmen gatnaşyklarynyň taryhyny öwrenmekligiň gözbaşynda 1965-nji ýylda çapdan çykan H. Agaýewiň “XIX asyrda Kaspi kenaryndaky türkmenleriň Russiýa bilen özara gatnaşyklary ” dien monografiýasy ýatýar. Bu monografiýada awtor baý taryhy çeşmelere daýanyp orslaryň Kaspi kenaryndaky türkmenler bilen gatnaşyklarynyň başlanmagy, olaryň arasyndaky söwda, ykdysady gatnaşyklar, Kaspi kenaryndaky türkmenleriň baştutany Kyýat hanyň iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny we beýleki meseleler barada giňişleýin durulýar. J. Döwletowyň we A. Ylýasowyň “Türkmenistanyň Orsýede birikdirilmegi” (1972) monografiýasynda türkmen ýerleriniň Orsýede birikdirilişi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Işde rus sarizminiň Hywa hanlygyny üstünden patyşanyň proteleriat düzgüniniň türkmen patyşalarynda harby kolonial düzgüniň dikeldilmegi, Aral bilen rus hökümetiniň gatnaşyklary, sarizmiň Ahala harby ekspedisiýa guramagy, Tejen-Merw döwletleri bilen Kiçiýany ykdysady we syýasy gatnaşyklary, Merwde işleriniň alyp baran syýasaty ýaly meseleler az beýanyny tapýar. “Türkmenleriň ” XVIII asyrlardaky ykdysady ösüşini baý taryhy çeşmelere daýanylyp görkezýän M. Annanepesowyň “XVIII – XIX asyrlarda türkmenleriň hojalygy” Aşg. 1972-nji ýylda çapdan çykan uly göwrümli monografiýasynda türkmen toparlarynyň ýerleşişi, ekerançylyk hojalygy, ýerden we suwdan peýdalanmaklygyň görnüşleri hem-de zähmetkeşleri ezmekligiň formalary, maldarçylyk we balykçylyk, senetçilik we söwda barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Işde ylaýta XVIII-XIX asyrda taryh ylmynyň ösüşini görkezýän taryhnama bölüminiň bolmagy işiň gymmatyny hasda artdyrýar.

1966-njy ýylda M. Annanepesowyň Türkmenistanda 1905-1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasyna soldatlar köpçüliginiň gatnaşyşy diýen monografiýasy çapdan çykdy. Bu monografiýada 1905-nji ýylda Türkmenistanda soldatlar köpçüliginiň rewolýusion çykyşy, Türkmenistanda harby bölümleriň ýerleşişi, soldatlar köpçüliginiň gulluk ýagdaýy we durmuşy, olaryň 1905-nji ýylda rewolýusion hereket gatnaşygy, 1906-1907-nji ýyllarda rewolýusion wakalaryň pese gaçýan döwründe soldatlar köpçüliginiň çykyşlary ýaly problemalar hemmetaraplaýyn ylmy taýdan düýpli derňelýär.

M. Annanepesowyň “XVIII-XIX asyrlarda rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalanmagy diýen işi-de, rus-türkmen gatnaşyklarynyň gözbaşyndan öz başyny başlan Pýetr I, Ýekaterina II-ň döwürleri, türkmenlerde Orsýede tabynlygy geçmekligi baradaky herektiniň we onuň çykmagy aýratynda XIX asyrda Orsýet bilen söwda-ykdysady aýratynda medeni gatnaşyklar baradaky meseleler derňelýär. Işde A. Bekowiç Çerkasskiniň (1715-1717-nji ýyllar) ekspedisiýasy, ekspedisiýanyň ykbalynyň aýratyn tapanlardan soňky rus-türkmen gatnaşyklaryň XVIII asyryň II ýarymyndaky gatnaşyklar, Zakawkazýe Orsýede birikdirilmesinden soňky (XIX asyryň I-nji çärýegi) ors-türkmen gatnaşyklary, 1813-nji ýyldan günorta-günbatar türkmenleriň gozgalaňy, günorta-günbatar türkmenleriň Orsýet bilen gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda A.P. Ýermolowyň orny, Türkmenistanyň Orsýede birikdirilmeginiň öň ýanyndaky gatnaşyklar Kyýat han we onuň ogullary baradaky we beýleki köp sanly meseleler bu uly göwrümli monografiýada öz beýanyny tapýar. Iş 1981-nji ýylda çapdan çykýar.

M Annanepesowyň, J. Döwletowyň “ Türkmenistanda 1905-1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasy” A., 1976ý. diýen kitapçasynda Zakaspi oblastyndaky social-demokratik gurnamalaryň, kružoklaryň döreýşi, işçileriň we soldatlaryň arasyndaky rewolýusion düşündiriş işleri , Türkmenistanyň şäherlerinde 1905-nji ýylyň oktýabr staçkasy, noýabr iş taşlaýyş döwründäki rewolýusion wakalar we 1906-njy ýylyň tomsundaky soldatlaryň gozgalaňy ýaly meseleler derňelýär.

M. Annanepesow 1990-njy ýylda çapdan çykan “Magtymguly we onuň zamanasy” diýen monografiýanyň awtorydyr. Bu kitapda beýik Magtymgulynyň ýatan geçen zamanasy edebi taryhy taýdan derňelýär. Orta Aziýanyň, Zakawkazýeniň, Eýranyň, Owganystanyň XVIII asyrdaky syýasy ýagdaý beýan edilýar. Türkmen taýpalarynyň goňşy döwletler bilen gatnaşygy görkezilýär. Işde Magtymgulynyň doglan we aradan çykan seneleri barada öz pikirini orta atýar. Kitabyň ilkinji bölüminde XIX asyryň belli adamlary bolan Kyýat hanyň we onuň ogly ýagşymämmediň ors-türkmen gatnaşyklaryndaky orny, olaryň gören görgüleri beýan edilýär. Umuman M. Annanepesow XVIII – XIX asyrlarda türkmen taryhy boýunça ýeke-täk görnükli taryhçy alym hasaplanýar. Bu alym 1992-nji ýylda çapdan çykan “Türkmenistanyň Orsýede birikdirilmegi taryhhalklar” diýen uly göwrümli makalasynyň awtorydyr.

Şol döwürdäki türkmenleriň jemgyýetçilik syýasy hem-de social-ykdysady gurluşy, hojalyk durmuşy, ekerançylyk, söwda we senetçilik barada täze maglumatlar ylmy dolanşyga girizilýär.

1990-njy ýylda çapdan çykan A. Şammyradowyň “Zakaspi oblastyndaky XIX asyryň ahyrlaryndaky XX asyryň başlaryndaky agrar gatnaşyklara monografiýasynda oba hojalygynyň ösüşi, türkmen oba obşinalarynyň dargamagy, ýer-suw gatnaşyklarynyň ýitileşmegi, Oktýabr rewolýusiýasynyň öň ýanynda obadaky synpy göreş meseleleri analizlenýär.

Türkmenistanda Oktýabr rewolýusiýasyna çenli döwürdäki rewolýusiýasy hökümet barada Pýakowskiý A.B. “Türkmenistan 1905-1907-nji ýylyň rewolýusiýasy döwründe ” Aşg. 1955. Roslýakow A.A. “Türkmenistanyň bolşewikleri 1905-1907-nji ýyllaryň rewolýusiýasy döwründe” Aşg. 1956. “Oktýabra çenli döwürde türkmenistanda rewolýusion hereket we social – demokratik gurnamalar” Aşg. 1957. we beýleki işler çap edildi.

1980-nji ýylda S. Mätgeldiýewiň “XIX asyrda Orta Amyderýadaky türkmenleriň social – ykdysady gurluşy” diýen işi çapdan çykdy. Möçberi boýunnça bir uly bolmadyk bu iş Amyderýanyň orta akymynda ýaşaýan türkmenleriň taryhyny öwrenmeklige bagyşlanan ýeke-täk işdir. Işde Buhara türkmenleri barada umumy maglumatlar, Amyderýanyň orta akymyndaky türkmenleriň hojalygyna social-ykdysady gatnaşyklarynadegerli analiz berilýär. Işiň soňundaky Amyderýanyň orta akymyndaky türkmenleriň taryhyna degişli dokumentleriň rus diline terjimesi işiň gymmatyny hasda artdyrýar.