Türkmen çekirtgesi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türkmen çekirtgesiniň görnüş alamatlary: erkek we urkaçy osoblarynyň ganatlarynyň uçlary gara tegmilli, erkekleriniň yzky butlarynyň ujy gara reňkli, urkaçylarynyň yzky budunyň ujunyň öň ýanynda we iç tarapynda gara tegmiller ýerleşýärler. Olaryň yzky aýaklarynyň injikleriniň esasynda gara halka, injikleriň orta bilinde bolsa gara bogy bolýar. ýasy, taşlaýjysynyň bolsa Urkaçy we erkek osoblaryň kelleleriniň depesindäki çukurjyklar gyralary ýylmanak. aşagynyň güberçek Urkaçy ýassyjygy çekirtgäniň bolýar. ýumurtga Erkeginiň bedeniniň uzynlygy 25,5–33 mm, üstki ganatynyň uzynlygy 18,23,7 mm, urkaçysynyň bedeniniň uzynlygy 30,9-42-3 mm, üstki ganatynyň uzynlygy 20,5-21,8 mm. Türkmen çekirtgesi Köpetdagda we Köýtendagda hem-de bu daglaryň eteklerindäki baýyrlarda ýaşaýarlar. Baýyrlaryň gün düşýän taraplarynda toprakda ýerleşdirilen kubyşkalardan liçinkalar 5-10-njy aprelde çykýarlar we olar 15-20-nji maýda ganatlanýarlar. Baýyrlaryň gün düşmeýän ýa-da örän az düşýän taraplaryndaky kubyşkalardan liçinkalar 20-25-nji aprelde çykýarlar we iýunyň başynda ganatlanýarlar. Türkmen çekirtgesi çenden aşa köpelende meýdan otlaryna we medeni ekinlere zyýan ýetirip biler.