Türkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk.

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Türkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk. V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary ýogy 200 gün galdy. Bir tarapdan, bu wagt oýunlara ykjam taýarlyk görmek üçin ýeterlik ýaly beýleki tarapdan bolsa, wagt az ýaly, çünki edilmeli işler örän köp we iňňän jogapkärçiliklidir. “Aziýada-2017” örän iri taslamadyr. Ol tutuş sebitiň we yklymyň sport hem-de syýahatçylyk durmuşynyň merkezi hökmünde biziň ýurdymyz barada dünýä bileleşiginde täze garaýyşlary döretmelidir. Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlary, 2014-ni ýylyň noýabyrynda türkmen Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gol çekilen taryhy Ähtnama laýyklykda, Aziýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň 45-siniň, şeýle hem Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň wekilllerini ýygnap özüniň AIMAG seriýasynda iň irisi bolar. Oňa dünýäniň 62 döwletinden 5 müňden gowrak türgen gatnaşyp olar sportyň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Bize geljek müňlerçe adam şol sanda žurnalistler we janköýerler özleri üçin täze Türkmenistany – ruhubelentligiň we ösüşiň sportyň we sagdynlygyň ýurdyny açarlar. Bu babatda esasy wezipeleriň biri hem “Aziada-2017” maksadnamasyny durmyşa geçirmekde Aşgabadyň, Türkmenistanyň durnykly ösüşüni we gözelleşmegini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak bolup durýar. Gürrüň häzirki wagtda we geljekde serişdeler kuwatyny netijeli peýdalanmagyň hasabyna durmyş we ykdysady ulgamlarda uzak möhletlerde oňyn özgerişleri amala aşyrmak barada barýar. Oýunlaryň mirasyny maddy we maddy däl esaslara bölmek bolar. Oýunlarda işlejek adamlaryň umumy sany 11 müňe golaý. Olardan 10 müňsi meýletinçilerdir. Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistana şöhrat getirmek Internet giňişliginde ýurdy täzeden açyp görkezmek bilen çäklenmän eýsem, syýahatçylygyň ösdürülmegine, Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine goşuluşmagyna kuwwatly itergi berýär. Biziň ýurdymyzda eýýäm milli göreş boýunça dünýä çempionaty, windsýorfing boýunça dünýä kubogy ýaly iri halkara ýaryşlar geçirler. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 2017-nji ýylda kabul etjek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz bu waka jahanyň sport dünýäsinde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýe- sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hatarlaryna ýaşlaryň we çagalaryň köp sanlysyny çekmek nukdaý nazaryndan aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda. bu ulgamyň häzirkizaman düzümini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek meselelerine milli Liderimiz tarapyndan diňe bir ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek üçin esaslyk binýadyny döretmek däl-de, eýsem, berk bedenli nesli ýetişdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini we endiklerini berkarar etmek nukdaý nazaryndan hem seredilýär. Bu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler alnyp barylýar.Bu ýerde eýýäm stadionlaryn onlarçasy,Buzly köşk, Suw toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki sport desgalarynyň ençemesi bar. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýä gazananlaryna tarap okgunly hereketimiziň beýanyna öwrüldi. Bu ýerde ýene birnäçe günden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň başlangyjy Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat etdi. Sebitde iri Olimpiýa şäherçesiň gurluşygyna 5 ýyl mundan öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berildi.

Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti Ilmämmedow Didar 3-nji ýyl talyp