Tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Mowzuk: Tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary

Meỳilnama:

1. Mukaddes Ruhnama türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklary barada.

2. Türkmenistanyň tebigy şertleri.

3. Ilkinji ekarançylygyň we maldarçylygyň ỳüze çykmagy üçin amatly şertler. Jeỳtun, Uzboỳ, Änew medeniỳetleri.

1. Adamyň peỳda bolmagy we jemgyỳetiň döremegi bilen tebigat düşünjesiniň mazmuny özgerỳär. Tebigat düşünjesi iki manyda ulanylyp başlaỳar. Giň manyda jemgyỳet düşünjesi tebigatda girizilỳär. Dar manyda ulanylanda tebigat jemgyỳetde üzňelikde göz öňüne getirilỳär. Jemgyỳet bilen tebigatyň özara täsirleri baradaky taglymat, birinjiden tebigat bilen jemgyỳetiň arasyndaky hil taỳdan tapawutlyklary ykrar etmeklige beỳleki tarapdan bolsa olary biri-birine garşy goỳmazlyga esaslanỳar. Adam tebigat tarapyndan döredilendir we jany-teni bilen oňa degişlidir.

Adamyň tebigata garaşlylygy uzak wagtlap dowam edipdir. Diňe zähmet çekmegi öwrenmek bilen adamzat tebigatdan saỳlanỳar we jemgyỳet emele gelỳär. Jemgyỳet bilen tebigatyň arasyndaky arabaglanyşyklaryň iki görnüşi bar. Birinjisi – tebigatyň jemgyỳete edỳän täsiri. Ikinjisi – jemgyỳetiň tebigata edỳän täsiri. Jemgyỳet tebigat bilen berk özara baglanyşykly. Şeỳle baglanyşyk bolmasa jemgyỳet ỳaşap bilmezdi. Sebäbi adam özüniň ỳaşaỳyşy üçin gerek bolan maddy we ruhy serişdeleriň hemmesini tebigatdan alỳar. Amatly tebigy şertler (maỳyl howa tebigy baỳlyklar, derỳalar, tokaỳlar) jemgyỳetiň ösüşine itergi berỳär, tersine amatsyz tebigy şertler (gaty sowuk ýa-da yssy howa şertleri) jemgyýetiň ösüşine ýaramaz täsir edýär. Amatly tebigy şertler diỳlende diňe bir tebigy baỳlyklaryň mukdar tarapy göz öňünde tutulman, eỳsem olaryň köpdürliligi hem uly ähmiỳete eỳedir.

Adamyň zähmet çekmegi netijesinde tebigat özgerỳär. Adamzadyň uzak wagtyň dowamynda eden täsiriniň netijesinde Ỳeriň tebigy ỳagdaỳy güỳçli özgerdilipdir. Şol özgerişe ylymda – Noosfera diỳip at berilỳär. (W. I. Wernadskiỳ).

Adamzat ilkibaşda tebigatdan diňe almaly diỳip düşünipdir. “Adam tebigatyň üstünden agalyk etmelidir” diỳen ters düşünje kemala gelipdir. Adamlar uzak wagtlap tebigatyň jemgyỳete nähili zyỳan ỳetirip biljegi barada pikir ỳöredip bilmändir. Haçanda adamzat tebigatyň özüne ỳetirilen zyỳan üçin “ar alỳandygyna” göz ỳetireninden soň, tebigaty goramak, hapalamazlyk barada alada edip başlady. Netijede tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary bilen baglanyşykly – ekologiỳa (tebigaty goramak) meselesi ỳüze çykdy.

  Tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary umumy adamzat  barada aỳdylanda gysgaça şeỳle.

Indi türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklaryna seredip geçeliň. Onuň üçin biz Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabyny elimize almaly. Türkmen halkynyň türkmen tebigatyna bolan gatnaşygy baradaky pikirler Mukaddes Ruhnamanyň içinden eriş-argaç bolup geçỳär. Bu mesele barada has düỳpli pikirleri Beỳik Serdarymyz kitabyň “Türkmen milleti” bölüminde öňe sürỳär. Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen milletiniň tebigata bolan gatnaşygyny şeỳle häsiỳyetlendirỳär. “Türkmeniň tebigat, ỳaşaỳan tebigy giňişligi bilen arabaglanyşygynyň täsin aỳratynlyklary bar. Türkmeniň ruhy hem maddy medeniỳeti onuň ỳaşaỳan tebigat giňişliginden reňk alypdyr. Türkmen hemişe tebigatyň goỳnunda, öz ruhy hem maddy medeniỳetiň jümmüşinde ỳaşapdyr. Türkmen taryhynyň durnuklylygyny, türkmen ỳaşaỳşynyň taryhy gözelligini bir zatda görỳärin: biziň milletimiz öz ỳaşaỳşyny tebigata garşylyk görkezmek, onuň garşysyna çykmak usulynda däl-de, tebigat bilen sazlaşyk esasynda gurnapdyr. Tebigat bilen garşydaş däl-de, hyzmatdaş bolup ỳaşaỳan milletiň taryhy ömri bolsa, edil tebigatyň özi ỳaly uzak hem hasylly bolỳar” *

Türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklaryny Beỳik Serdarymyz mährem ataly-ogluň gatnaşyklaryna meňzedỳär . Türkmeniň tebigat bilen gatnaşyklaryny däp-dessurlarynda, hojalygynda, egin-eşiginde, gylyk-häsiỳetinde görmek bolỳar. Ata-babalarymyzyň dünỳä nusgalyk sada, päk göwünli, dogry sözli, ynsanperwer häsiỳetleri tebigatymyz bilen baglanyşyklydyr. Gelin-gyzlarymyzyň döreden ajaỳyp halylary, olaryň reňkleri we köpsanly el hünäriniň önümleriniň çeşmesi türkmen tebigatydyr.

Beỳik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklarynyň diňe bir geçmişi däl, geljegi hakynda hem ajaỳyp setirler bar. Ol setirler Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tebigaty goramak baradaky taglymatynyň düỳp maksadyny aỳdyň görkezỳär. Beỳik Serdarymyz suw ỳetmezçiligi sebäpli taşlanyp gidilen oba-kentler barada çuňňur gynanç bilen gürrüň edip, bu ỳagdaỳy düzetmek üçin tutuş milletimize, ỳüzlenip şeỳle diỳỳär: “Men her bir döwletli türkmen maşgalasyna ỳüzlenỳärin: Taňrynyň öňündäki, iliň öňündäki bergisini berjek bolsaň, her maşgalanyň agzasy ỳylda bir nahal agajyny ỳaşaỳan köçesinde, howlusynda, töwereginde, öwlüỳäde eksin”*

Türkmen topragyny goramak barada Beỳik Serdarymyzyň Selewki patşasy Antioh Soteriň Margianada gurduran diwaryny ỳatlap şeỳle belleỳär: “Ol haỳat ỳene bolar, ỳöne ol indi palçykdan däl-de, göm-gök öwüsỳän daragtlardan bolar” *. Dogrudan hem häzirki wagtda gözel paỳtagtymyz Aşgabadyň, welaỳat merkezleriniň töwereklerinde, gara ỳollaryň boỳunda, Köpatdagyň eteklerinde ỳyl-ỳyldan köp oturdylýan agaçlaryň millionlarça nahallaryň, olaryň idegi Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagy-bossanlyga öwrüljekdiginiň aỳdyň subutnamasydyr. Beỳik Serdarymyzyň tebigaty goramak baradaky taglymatynda Garagum çölüni goramak, gadymy ỳaşaỳyş mekany – Uzboỳy – Oguz boỳuny gaỳtadan janlandyrmak meselesine hem uly orun berilỳär. Bu barada Mukaddes Ruhnamada şeỳle nygtalỳar: “Garaş Uzboỳym, garaş, nesip bolsa, sen täze görke gelersiň, bu mekanda Türkmen kölüni döredip başladyk. Ertir onuň aňyry-bärsi görünmeỳän suwuny süỳjediji enjamlarynyň kömegi bilen süỳjedip, bol suwy akdyrarys. Türkmen halky ata-baba ỳolyny ỳöredip, ỳaňadan Uzboỳyň boỳunda ỳaşaỳşyň tuguny, Ỳaşyl tuguny parladỳar”*

2. Türkmenistanyň tebigy şertleri, aỳratynlyklary onuň ilatynyň, türkmen milletiniň taryhyna örän uly täsir edipdir. Tebigy şertler jemgyyetiň ösmegi üçin kesgitleỳji şert bolmasa-da, ol jedelsiz jemgyỳetiň ösmeginiň, özgerişleriniň zerury şertleriniň biridir. Tebigy şertler amatly bolanda jemgyỳetiň ösüşini tizleşdirip tersine amatsyz bolanda haỳalladyp biler.

Türkmenistanyň tebigy şertleri irki zamanlardan bäri ekarançylyk we maldarçylyk üçin amatly hasaplanỳar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň ỳerleri uly iki bölege (tebigy taỳdan) bölünipdir. Türkmenistanyň ỳeriniň köp bölegini maldarçylyk üçin amatly bolan çöllükler we sähralar tutỳar. Azlyk bölegi ekarançylyk üçin amatly ỳerler bolup, olar Amyderỳanyň, Murgap, Tejejn, Etrek derỳalarynyň boỳlarynda ỳerleşỳär. Türkmenistanda ekarançylyk üçin amatly ỳerler ỳedi sanydyr:

1. Ahal we Etek ỳerleri. Bu ỳerler ekarançylygyň ilki dörän ỳerleri hasaplanỳar.

2. Dehistan. Etrek derỳasynyň boỳlary. Bu ỳerde oturymly ekarançylygyň taryhy üç döwre bölünỳär. Mongal çozuşlaryndan soň ekarançylyk pese düşüp, XV asyrda doly kesilỳär. Häzirki wagtda bu ỳere Misrian çöli diỳilỳär.

3. Tejen we Sarahs etraplary. Ekarançylygyň iň gadymy merkezleriniň biri bolup, Sarahs ỳerleri orta orta asyrlarda has ösüpdir.

4. Murgap derỳasynyň boỳlary. Türkmenistanyň şertlerinde ekarançylyk üçin iň amatly ỳerler.

5. Amyderỳanyň orta akymy. Bol suwly, emma ekarançylyk üçin amatly ỳerleriň azlyk edỳän ỳeri. Bu ỳerler ekarançylyk bilen meşgullanmagyň has kyn düşỳänligi bilen tapawutlanỳar. Derỳanyň iki tarapa süỳşip durmagy, güỳçli suw joşgunlary, derỳanyň adam güỳjüne baş bermezligi onuň suwundan peỳdalanmakda uly kynçylyklary döredipdir.

6. Amyderỳanyň aşak akymy. Daşaguz welaỳatynyň ỳerleri. Gadym wagtlardan bäri ekerançylyk üçin amatly ỳerleriň biri. Aỳratyn ösen döwri Köneürgenç türkmen döwletiniň ỳaşan zamanasy. Bu ỳerler soňky ỳyllarda Aral deňziniň suwunyň çekilmegi bilen şorlaşmak ỳagdaỳyna sezewar boldy.

7. Derỳalyk, Sarygamyş, Uzboỳ ỳerleri. Bu ỳerde ekerançylyk Amederỳanyň uly hanalarynyň biri şu ugurdan akan wagtyndan mümkin bolupdyr. Şonuň üçin bu ỳerde ekerançylyk wagtlaỳyn dowam edipdir.

8. Balkan daglarynyň etekleri, Badhyz we Garabil ỳerleri düme ekerançylygy üçin amatly hasaplanỳan ỳerler.

Türkmenistanyň şertlerinde maldarçylyk üçin amatly ỳerler üç etrapa bölünỳär:

1. Uly Balkanlar, Türkmenbaşy baỳyrlygy onuň bilen serhetleşỳän Üstýurt, Mangyşlak ỳerleri.

2. Demirgazyk we Merkezi Garagum.

3. Günorta – Gündogar Garagum. Badhyz, Garabil we Sarahs ỳerleri.

3. Adamzadyň ỳaşaỳşynyň has irki döwrüniň howa şertlerini öwrenmekde paleogeografiỳa ylymynyň ähmiỳeti uludyr. Paleogeografiỳa ylmynyň berỳän maglumatlaryna görä, Türkmenitanyň tebigy şertleri, iň gadymy adamlaryň ỳaşan zamanasynda (gadymy daş asyrynda) häzirkisiden düypli tapawutlanypdyr. Amyderỳa Garagum çölüniň üsti bilen Hazara tarap akypdyr. Murgap we Tejen derỳalary onuň sag tarapky şahalary bolupdyr. Takmynan 140 müň ỳyl ozal Amyderỳanyň akym ugry demirgazyga, Aral deňzine tarap üỳtgäpdir. * Bu döwre çenli Türkmenistanyň Günorta we Günbatar böleklerinde derỳalaryň kenarynda, jülgelerde, ỳaşaỳyş üçin amatly ỳerlerde iň gadymy adamlar mekan tutupdyrlar. Howanyň ỳagdaỳy, ösümlik we haỳwanat dünỳäsi adamzadyň ỳaşamagy üçin zerur şertler ỳeterlik bolupdyr. Ỳöne şol amatly howa şertleri wagtyň geçmegi bilen özgerip durupdyr. Paleogeografiki maglumatlara görä ortaça 20 müň ỳyldan Ỳer şarynyň howasy düỳpli özgerişe sezewar bolupdyr. * Howa gaty sowap Ỳer üstüniň köp ỳerlerini buz basypdyr. Şeỳle buzlanmanyň iň soňkusy gadymy daş asyrynyň ahyrlarynda başlanyp, takmynan 10-12 müň ỳyl ozal tamamlanypdyr. Howa gurak we yssy bolupdyr. Sowuklyga uỳgunlaşan ösümlikleriň, haỳwanlaryň, miweli agaçlaryň köp görnüşleri ỳok bolupdyr. Buzlanmadan öňki döwürde Türkmenistanyň gadymy ilaty diňe taỳỳar önümleri, ỳagny ỳabany ösỳän däneli we kösükli ösümlikleri, ỳabany miweleri bilen eklenip bilen bosalar, indi azyk meselesinde uly kynçylyklar ỳüze çykypdyr. Amatly howa şertlerinde gadymy adamlaryň esasy käri iỳmit ỳygnaỳjylyk bolsa, indi balykçylyk we awçylyk esasy orna çykypdyr. Adamlar hojalygyň bu ugurlarynda zerur bolan zähmet gurallaryny döredipdir, olary kämilleşdiripdir. Emma bu üstünlikler gadymy adamzadyň durmuşynda emele gelen üstünlikler gadymy adamlaryň durmuşynda emele gelen azyk ỳetmezçiliginiň öňuni alyp bilmändir. Türkmenistanyň yssy we gurak howasy adamlaryň ỳaşaỳşyny has kynlaşdyrypdyr. Şu ỳagdaỳdan çykalga tapmagyň ỳolunda adamlar täze, has ähmiỳetli üstünliklere eỳe bolupdyr. Türkmenistanyň şol döwürdäki tebigy ỳagdaýy hojalygyň täze pudagynyň maldarçylygyň ỳuze çykmagy üçin amatly bolupdyr. Şunuň netijesinde takmynan 9 mün ỳyl mundan ozalTürkmenistanyň ỳerlerinde öndüriji hojalyk-maldarçylyk ỳuze çykypdyr.* Emma bu döwürde maldarçylyk hojalygyň aỳratyn, özbaşdak pudagy hökunde kemala gelip bilmändir. Maldarçylygyň özbaşdak hojalyga öwrülmegi üçin şertler entek ỳeterlik bolmandyr.

Taryhda täze daş asyry (neolit) diỳlip at berilen döwürde howa üỳtgäpdir. Çyglylyk ỳokarlanyp howa maỳlapdyr. Sähralar giňelipdir, çöller gür ösümlikler bilen örtülipdir. Ösümlik dünỳäsiniň baỳlaşmagy haỳwanat dünỳäsine hem uly täsir edipdir. Tebigatyň beỳle özgermegi adamlaryň ỳaşaỳşyny has ỳeňilleşdiripdir. Türkmenistanyň günorta etraplarynda, Köpetdagyň eteginde ekerançylyk üçin örän amatly şertler emele gelipdir. Köpetdagdan syrygyp gaỳdỳan suwlar uly bolmadyk çaýlary emele getiripdir. Şol çaýlaryň Garaguma ýetipm siňýän ýerlerine ýeriň yzgary gitmänkä tohum sepip, ekin ekmegi şol döwrüň adamlary öwrenipdir. Şeýlelikde, täze daş asyrynyň amatly howa şertleri ilkinji öndürijilikli hojalygyň-ekerançylygyň ýüze çykmagyna itergi beripdir. Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykan ilkinji ekerançylyk medeniýeti taryha Jeýtun medeniýeti ady bilen girdi. Medeniýetiň ady Aşgabat şäherinden 28 km. Demirgazyk-günbatarda ýerleşýän gadymy ýadigärligiň ady bilen baglanyşykly. Jeýtun medeniýeti 8 müň ýyl mundan ozal başlanypdyr we müň ýyldan gowrak dowam edipdir. Ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen adamlaryň bir bölegi göçüp-gonup ýaşamsyny bes edip oturymly ýaşaýyşa geçipdir. Oturumly ýaşaýyşa geçilmegi ilatyň sanynyň artmagyna jemgyýetçilik ösüşinde öňegidişlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik beripdir. Jeýtun medeniýetini emele getiren ilat Baharly etrabynyň Bamy obasyndan - Alty asyr etrabynyň Mäne-Čäçe obalarynyň aralygynda ýaşapdyr. Olaryň esasy käri ekerançylyk bolupdyr. Jeýtunlylar öýde mallary hem saklapdyr . Ýöne hojalykda mallaryň orny ikinji derejeli bolupdyr. Her obada ortaça 200-250 adam ýaşapdyr. Munuň sebäbi Köpetdagdan gelýän suwlaryň azdygy bilen düşündirilýär. Čaýlaryň mukdary näçeräk ilaty üpjün edip biljek bolsa onuň boýunda şonçada adam jemlenipdir. Türkmenistanda täze daş asyrynyň amatly tebigy şertleri jemgyỳetiň üsinde deňsizligiň ỳuze çykmagyna sebäp bolupdyr. Ilatyň bir bölegi ekerançylyk üçin amatly ỳerlerde ornaşyp, oturymly ỳaşaỳşa geçmegi bilen maddy we ruhy ösüşde, jemgyỳetçilik gatnaşyklarynda zähmet gurallaryň, önümçilik gatnaşyklaryň kämilleşmeginde öňe saỳlanypdyr.

Ilatyň ilkinji bir bölegi awçylyk, iỳmit ỳygnaỳjylyk, balyk tutmak üçin amatly ỳerlerde ỳaşap olar köp babatda oturymly ilatdan yza galypdyr. Bu ilatyň ỳaşan ỳerleriniň tebigaty, olary azyk önümleri bilen ỳeterlik üpjün edip bilipdir. Şonuň üçin bu ỳerlerde öndüriji hojalyga geçmeklige zerurlyk ỳuze çykypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde şeýle ýaşaýyş esasan Demirgazyk Türkmenistanda, Uzboỳyň boỳlarynda bolupdyr. Şoňa görä-de bu ỳerde ỳaşan ilatyň döreden medeniỳetine – Uzboỳ medeniỳeti diỳip at berilỳär.*

Takmynan ỳedi mün ỳyl mundan ozal Türkmenistanyň howa ỳagdaỳy ỳene üytgäpdir. Gurakçylyk ỳokarlanypdyr. Munuň sebäbi Atlantiki çyglylygyň birinji etapynyň tamamlanmagy bilen düşündirilỳär. *Netijede Jeỳtun medeniỳeti pese düşỳär we wagtyň geçmegi bilen öz ornuny Änew medeniỳetine berỳär. Gurakçylygyň ỳokarlanmagy bilen Köpetdagdan gelỳän çaỳlaryň suwy azalỳar, käbirleri guraỳar. Şonuň üçin ekerançylyk obalarynyň ilaty suwlara ỳakyn, dag eteklerine göçmäge mejbur bolýar.Şunlukda öňki Jeýtun medeniýetine degişli obalaryň köpüsinde ýaşaýyş kesilýär. Oturymly ỳaşaỳşyň merkezi Köpetdagyň eteklerine geçỳär.

B. e. öňki V müňỳyllyk milli taryhymyzda Oguz han eỳỳamynyň başlanỳan döwrüdir. Bu döwürde ekerançy ilat suwdan peỳdalanmagyň emeli usullaryny oỳlap tapỳar. Bentleri gurmak, kanallary çekmek we suwlary gerekli ugruna gönükdirmegi öwrenỳärler. Artykmaç suwlary ätiỳaçlyk üçin, emeli suw howdanlaryny gurup, şolara jemläpdirler.

Suwdan peỳdalanmagyň kämilleşmegi ekerançylyk ỳerleriniň giňelmegine, hasyllygyň ỳokarlanmagyna ỳardam edipdir. Oturymly obalar köpelipdir, olaryň meỳdany giňelipdir, ilatyň sany has çalt artypdyr. Eger-de Jeỳtun medeniỳeti zamanynda bir obada ortaça 200-250 adam ỳaşan bolsa indi bu san ortaça 1000-1200 adama ỳetipdir. Bu döwürde adamlar ilkinji metaly-misi peỳdalanyp başlapdyr. Biraz soňrak misiň galaỳy bilen garyndysyndan alnam metal-bürünç peỳda bolỳar. Bürünç berkligi boỳunça misden has artykmaç bolup, ondan ỳasalan zähmet gurallary daşdan bejerilen gurallary önümçilikden gysyp çykarypdyr. Metalyň önümçilige ornaşmagy jemgyỳetiň ösüşine uly täsir edỳär. Alymlaryň tassyklamagyna görä hut şol döwürden başlap adamlaryň durmuşynda tebigatyň täsiri ilkinji orna geçip, durmuş-ykdysady şertler we tehniki ösüş birinji orna geçipdir. Hut şonuň üçin hem Änew medeniỳetini döreden ekerançylar, jeỳtunlylardan tapawutlanyp gurakçylygyň, suw ỳetmezçiligiň garşysyna belli bir derejede göreşip bilipdir. Änew medeniỳeti zamanynda ekerançylyk-maldarçylyk bilen meşgullanỳan ilat Köpetdagyň eteklerinden başlap Tejeniň, Murgabyň aşak, Amyderỳanyň orta akymlaryna ỳaỳrapdyr. Olaryň esasy käri ekerançylyk bolup, maldarçylyk, hünärmentçilik ỳaly hojalyk pudaklary hem durmuşa giň ornaşypdyr. Oba hojalygynda ilkinji mallar: öküz we düỳe (iki örküçli) peỳdalanyp başlapdyr. Küỳzegärçilik, senetçilik, zergerçilik ösüp başlapdyr.

Seredilip geçilen maglumatlar Oguz han eỳỳamynyň başynda, Türkmenistanyň gadymy ilatynyň öz ỳaşaỳan ỳerleriniň tebigy şertlerine görä hereket edip, jemgyỳetçilik-ykdysady ösüşde öz zamanasy ücin örän uly üstünliklere eỳe bolandygyna şaỳatlyk edỳär. Şol üstünlikler hem Türkmenistanda, dünỳäde ilkinjileriň hatarynda ösen medeni merkezleriň, Gadymy Oguz döwletiniň, Marguş döwletiniň döremegine mümkinçilik berỳär.