Topragyň gapaklamasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Topragyň gapaklamasy-topragyň ýokarky gatlagynyň gatamagy. Topragyň ýokarky gatlagynyň gatamagy güýçli ýagyş ýagandan (10 mm köp) köplenç çagba ýagandan soňra gyzgyn howa bolanda emele gelýär. Soňraky ýagan ýagyşyň yzyndan yssy howa bolsa gapagy berkidýär, ýa-da salkyn ýagynly howa bolsa gapagyň gatylygy gowşaýar. Toprak gapagynyň galyňlygy 1–2 mm-den -50-80 mm-e çenli bolýar

Toprak gapaklamagyna gözegçiligi gözegçilik meýdançada geçirilýär: 1) irki ýazlyk däne ekinlerde, ekilenden tä çogdumlaýança, soňky ösüş döwri bolmasa, onda tüdükleýän döwre çenli; 2) gowaça, mekgejöwen we beýleki (tehniki) ösümlikler ekilenden başlap tä köpçülikleýin gögerýänçä; 3) kartoşka – ekilenden başlap tä hatarda ýaşyllary tapyşýança

Toprak gapaklamagynyň näçe ýerde emele geleni göz çenli bilen bellenende (ähli meýdanda, meýdanyň käýerinde, meýdanyň pes ýerinde) gögerme ekinlerem çüýräp giden diýip bellenilýär.