Wikipediýa:Garalama

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Terjimeçilik we ses bermek

Salam hormatly agzalar. Bu gezek size sungatyň iň ajaÿyp görnüşleriniň biri – terjimeçilik we ses bermek hakynda gysgaça makalany dykgatyňyza ÿetirmekçi.

Daşary ÿurt filmlerini öz ene diliňde görmek – elbetde her bir adam üçin gyzykly, ÿagny manysyna çalt düşünip, düşünjeleri artÿar. Filmler hem edil kitaplar ÿaly – adamyň kalbyna, aňyna uly täsir edÿär. Şoň üçinem ony wagtal-wagtal görüp durmaly. Filme ses bermegiň 3 görnüşi bar:

I. Ökde terjime (дублирование, дубляж). II. Arkasyndaky sesiň üstünden berlen (закадровый). III. Ÿazgyly ÿagny ekranyň aşagynda sözleri ÿazylan (субтитры).

Geliň indi bularyň hersiniň üstünde durup geçeliň:

1. Ökde terjime, köp sesli – terjime we ses bermek sungatynyň iň giňden ÿaÿran meşhur hem-de ÿokary hilli görnüşidir. Ol filmdäki daşary ÿurt sesleriniň ählisini doly ÿagdaÿda terjime etmekdir. Bu görnüşde ses berÿänlere örän ukyply, sesleri filmdäki gahrymanlara gabat gelÿän ÿörite hünärmenler degişlidir. Bu bölüm hem öz gezeginde 3 topara bölünÿär:

1). Bir sesli. Filme diňe bir adam ses berÿär. Arkasyndaky ses eşidilenok ÿagny bir adamyň sesi ählisine bolÿar. Bu öňki döwürde has giňden ÿaÿran.

2). İki sesli. Filmdäki ähli erkek adamlara diňe bir adam, aÿal-gyzlara bolsa bir aÿal ses berÿärler. Bu esasan hem gülküli filmlerde (комедия), melodramalarda we köp bölümli kinolarda (сериал) ulanylÿar.

3). Köp sesli. Filmdäki gahrymanlaryň hersine bir adam ses berÿär. Ÿagny kinoda näçe sany artist bar bolsa şonça adamlar hem ses berÿärler. Bu bölümde ses berÿänler diňe bir ses bermek däl, eÿsem gahrymanlaryň häsiÿetine öÿkünip, seslerini üÿtgedip bilmeli.

Terjimäniň bu görnüşi üçin esasan nämeler gerek?  filmdäki her bir sözi doly, dogry we dürs terjime edip bilÿän birinji derejeli ÿokary bilimli terjimeçiler;  seslerini islendik äheňde üÿtgedip bilÿän, ÿakymly we dury sesli, ÿatkeş, filmdäki gahrymanlara häsiÿeti we sesi taÿdan gabat gelÿän ukyply adamlar;  ses bermäge gatnaşÿan adamlara ses berilende sözleriň nähili aÿdylÿandygyny; niresinde özüňi nähili alyp barmalydygyny we ses bermek üçin adamlary saÿlap alÿan ÿokary bilimli hünärmen;  sesleri kompÿuterde işläp, bolmaÿan ÿerlerini düzedip, sazlap, montaz edip bilÿän ÿokary bilimli hünärmen (ses rezisÿory);  ÿokary hilli audio we wideo enjamlar: sesiňi durlap ÿazÿan mikrofon, audio – wideo programmalarynda işlemek üçin niÿetlenen kompÿuter, sesi arassa çykaryjylar (колонка) we ş.m.

2. Arkasyndaky sesiň üstünden berlen (закадровый). Bu bölümde filmiň öz sesiniň üstünden ses ÿazylÿar. Ÿagny arkasyndaky ses azajyk eşidilÿär. Şeÿlelikde tomaşaçylar filmdäki gahrymanlaryň seslerini hem eşidip bilÿärler. Munda terjime edilen filmler esasan kanallarda we internetde goÿulÿar.

3. Ÿazgyly ÿagny ekranyň aşagynda sözleri ÿazylan (субтитры). Ÿazgylar köplenç ekranyň aşagynda bolÿar we her gahrymanyň aÿdan sözleriniň öňünden kese çyzyk goÿulÿar. Terjimäniň bu görnüşi hem häzirki wagtda käbir filmlerde esasan eşidip bilmeÿän adamlar (ker) üçin niÿetlenip ulanylÿar.

Rus dilinden terjime eden: Daÿanç Baÿmyradow. İnternet maglumatlary.