Wikipediýa:Umumy jogapkärçilikden boýun gaçyrmak

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Kriştianu Ronaldu duş Santuş Aweýru 1985-nji ýylyň 5-nji fewralynda Portugaliýanyň Funşal şäherinde Jose Dinis we Mariýa Aweýrularyň maşgalasynda dört doganyň iň kiçisi bolup dünýä inýär. Ejesi ogluna Kriştianu, kakasy Jose Dinis Aweýro bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Ronald Reýganyň adyny dakýar. Şeýlelikde, futbol taryhynyň iň ökde oýunçylarynyň biri bu günki gün Kriştianu Ronaldu bolup dünýä tanalýar.

K.Ronaldu häzirki wagtda Ispaniýanyň Real Madrid futbol toparynyň gapdal hüjümçisi, şeýle hem Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysydyr. Futbol oýnunyň taryhynda iň gymmat oýunçy bolup, ony Real Madrid topary Angliýanyň Mançester Ýunaýted futbol toparyndan 132 million dollara satyn alýar. Ol Real Madrid futbol toparynda 7-lik belgi bilen çykyş edýär. 2007 – 2008 oýun möwsüminde Mançester Ýunaýted toparynyň düzüminde oýnaýarka jemi 41 goly tora salmagy başaran Ronaldu FIFPro we FIFA tarapyndan “Ýylyň iň gowy oýunçysy” baýragyna mynasyp bolýar.

Kriştianu Ronaldu:

Iň gowusy bolmak isleýärdim

Çagalykda ýeke-täk “dosty” bardy. Her gün mekdepden öýüne dolanyp geleninde ejesine öý işiniň ýokdugyny aýdyp, derrew köçä ylgaýardy. Agşam naharyndan soňra hem otagynyň penjiresinden gaçyp, ýene-de şol “dostunyň” ýanyna gidýärdi. Hawa, onuň ýeke-täk “dosty” bardy. Ol hem futboldy. (“Kriştianu Ronaldu – Arzuwy hasyl bolan oglanjyk” atly dokumental filmden)

“Çepiksijedigine garamazdan, futbola gezek geleninde erjelligi we çalasynlygy bilen beýlekilerden derrew tapawutlanýardy. Pökgüni asla ýere gaçyrmazdy. Ony kä kellesinde, käte egninde, käte bolsa dyzynda bökdürip, edil bedeninde ýelim bar ýaly saklaýardy. Hatda, ýarym günläp topy ýere degirmän gezýän wagtlary hem bolýardy” diýip, futbol dünýäsiniň iň tanymal oýunçusy Kriştianu Ronaldunyň goňşusy Arlindo Andrade gürrüň berýär.

“Futbol taryhynda öz yzymy goýup, iň gowusy bolmak isleýärdim. Çünki men futboly söýýärdim” diýýän Ronaldunyň futbola bolan hyjuwy çagalykdan başlaýar. Gyz dogany Elma Aweýro: “Biz onuň futbol oýnamaga bolan ukybynyň bardygyny bilýärdik. Emma hiç wagt beýle ussat oýunçy bojakdygyny aňymyza hem getirmeýärdik” diýýär.

Ronaldunyň kakasy “Andorinýo” atly mekdep ýaşly okuwçylardan düzülen futbol toparyň material üpjünçisi bolýar. Ol toparyň tälimçisinden ogly Ronalduny futbolçy edip ýetişdirmegi haýyş edýär. Fernao Souza Ronaldunyň ussat oýunçy bolup ýetişmeginde esasy rol oýnaýar. Ol “Andorinýa” kabul edileninde 8 ýaşyny doldurýar. Şol toparda onuň ýyndamlygyny, futbola bolan çäksiz ukybyny duýan tälimçisiniň tagallalary bilen Ronaldu 1995-nji ýylda Nasýonal futbol toparyna saýlanýar. Bu ýerde şowly çykyş edeninden soňra ony üç günlük synag möhleti bilen “Sporting Clube de Portugal” atly toparda oýanamaga çagyrýarlar. Şol wagt Ronaldu 12 ýaşynda bolýar. 12 ýaşly oýunçynyň bolsa Portugaliýanyň şeýle derejeli toparynda pökgi depmegi hemmeleri haýran galdyrýar. Netijede doly synagdan geçen Ronaldu ujypsyzja pula şertnama baglaşylýarlar. Ol uly ýaşly oýunçylar bilen oýnamaga başlaýar. Emma bu barada onuň ejesi aladalanýar. Çünki uly ýaşly oýunçylar heniz çaga Ronaldunyň aýagyna zeper ýetirip bilerdiler. Emma kakasy oglunyň ýokary tizliginiň bardygyny aňyp, bu toparda ondan gowy netijelere garaşmaga başlaýar.

“Sporting” toparyndaky Ronaldunyň ilkinji tälimçisi Paulo Kardosa: “Ilkinji oýunda oýnan wagty men oňa düýpgöter haýran galdym. Çünki ol her gezek iki-üç oýunçyny pökgi bilen aldap geçýärdi. 12 ýaşly oýunça bolsa entek bu futbol toparyň taryhynda pul tölenmändi” diýýär. Şeýlelikde, Ronaldu paýtagt Lissabona gelýär. “Lissabona öwrenişmek meniň üçin juda kyn boldy. Ilki bilen-ä men toparyň iň ýaş oýunçysydym. Ikinjiden hem, maşgalamdan aýrylyp gaýtmak meni diýseň gynandyrýardy. Içim gysyp aglaýardym. Diňe hepdede bir-iki gezek öýdäkiler bilen telefonda gürleşýärdim. Haçan-da geçen günlerime ser salsam, hakykatdan-da şu derejä ýetmek üçin köp kynçylyklary başdan geçirendigimi duýýaryn” diýip, Ronaldu öz ýatlamalarynda belläp geçýär.

Haçan-da, Ronaldu 15 ýaşyndaka ol ýürek uruş tizliginiň ýokarylygy sebäpli bejergi almaly bolýar. Emma bu ýagdaýyň wagty bilen öňüniň alynmazlygy Ronaldunyň futboldan aýra düşmegine sebäp boljakdygyny aňan “Sporting” toparynyň ýolbaşçylary ejesiniň razyçylygy bilen ony operasiýa etdirýärler. Operasiýadan bir-iki gün geçeninden soňra Ronaldu ýene-de ýaşyl meýdança türgeleşige çykýar.

Ronaldu 2003-nji ýylyň tomsunda Angliýanyň “Mançestr Ýunaýted” toparynyň tälimçisi Aleks Fergusonyň nazaryna ilýär. Çünki “Sporting” bilen “Mançestriň” oýnunda 3-1 hasabynda Ronaldunyň oýnaýan topary ýeňiş gazanýar. Bu oýunda Ronaldu iň ezber oýunçylaryň biri hökmünde öňe saýlanýar. Bu bolsa A.Fergusony Ronaldu bilen tiz wagtda şertnama gol çekişmäge itergi berýär.

Şeýlelikde, Ronaldu “Mançester Ýunaýtediň” ilkinji portugal oýunçysy bolup, klubyň taryhyna girýär we 12 million funt sterlinge şertnama baglaşýar. Ol tälimçiden “Sporting” toparynda çykyş edýän 28-lik belgisini bermegini soraýar. Emma A.Ferguson oňa 7-lik belginiň elmydama toparyna ýeňiş getirýändigini aýdyp, oňa 7-lik belgini berýär. Ol bu toparyň düzüminde “Mançester” – “Balton Uanders” duşuşygynyň 60-njy minudyndan soňra oýnap başlaýar. 2003 – 2005 oýun möwsüminde ol 10 goly öz adyna ýazdyrýar we janköýerleriniň ses bermegi bilen 2005-nji ýylyň “Iň gowy ýaş oýunçysy” adyna eýe bolýar.

2006 – 2007 oýun möwsüminde Mançester Ýunaýteddäki 50-nji goluny tora salýar. Ronaldu möwsümiň ähli baýraklaryna: “Ýylyň oýunçysy”, “Ýylyň iň ýaş oýunçysy”, “Janköýerleriň iň gowy oýunçysy” baýragyna mynasyp bolmagy başarýar. 2007-nji ýylyň 13-nji aprelinde ol “Mançester Ýunaýted” bilen şertnamasynyň möhletini bäş ýyla çenli uzaldýar we jemi 31 million funt sterlinge gol çekişýär. Bu bolsa ony toparyň taryhynda iň köp pul tölenilýän oýunça öwürýär. Şonda ol ejesine aşpezlik kärini goýup, mundan beýläk öýünde dynç almagy haýyş edýär.

2007-nji ýylyň 13-nji aprelinde ol “Mançester Ýunaýted” bilen şertnamasynyň möhletini bäş ýyla çenli uzaldýar we jemi 31 million funt sterlinge gol çekişýär. Bu bolsa ony toparyň taryhynda iň köp pul tölenilýän oýunça öwürýär. Şonda ol ejesine aşpezlik kärini goýup, mundan beýläk öýünde dynç almagy haýyş edýär. 2008-nji ýylyň 19-njy martynda Ronaldu ilkinji gezek Mançester Ýunaýted toparyna kapitanlyk edýär. Ol öz oýunlarda derwezeden geçiren ençeme goly bilen Dani Güizadan 8 bal öňdeligi gazanyp, Ýewropanyň “Altyn aýakgap” baýragyna eýe bolýar.

Onuň Portugaliýanyň milli ýygyndy toparynda hem görkezen üstünlikleri sanardan kändir. Ronaldu heniz 22 ýaşyndaka ilkinji gezek Brazilýa bilen oýanalan dostluk duşuşygynda Portugaliýanyň milli toparyna kapitanlyk edýär.

2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda Ispaniýanyň Real Madrid toparyna geçen Ronaldu Mançester Ýunaýted toparynda ussatlyga ýetendigini aýdýar. Tälimçisi Aleks Ferguson barada bolsa: “Ol meniň sport atamdyr. Aleks Fergusonyň yhlasy bolmadyk bolsa, häzirki kämilligime ýetip bilmezdim hem” diýýär.

Şeýlelikde Ronaldu 2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda 6 ýyllyk şertnama bilen Real Madride doly geçýär. Bu toparda ol 9-luk belgi bilen çykyş edýär. Oňa 9-luk belgili köýnekçäni Real Madridiň legendar oýunçysy Alfredo di Stefano gowşurýar. Ronaldu Santiýago stadionynda özüniň 80000-e golaý janköýeri tarapyndan garşylanýar. Bu bolsa Diego Maradonanyň 75000-lük janköýerinden hem köpdür.

Ronaldunyň futboldan soňra ikinji halaýan zady ol hem mahabatlarda surata düşmekdir. Ol häzirki wagtda Emperio Armani, Coca-Cola, Clear, Castrol, Nike... ýaly birnäçe meşhur firmalaryň resmi mahabatlandyryjysydyr. Onuň “Moments” ady bilen terjimehaly çap edildi. 2010-njy ýylyň ferwalynda Madridde “Nike” firmasy tarapyndan boýy 10 metrlik Ronaldunyň makedi dikeldildi. “Kriştiano Ronaldu – arzuwy hasyl bolan oglanjyk” ady bilen dokumental film surata düşürildi. Şu wagta çenli jemi oýnan 350-ä golaý oýnunda, 140 töweregi pökgüni tora salmagy başaran ussat ýaş oýunçydan ýene-de futbol dünýäsi köp ýeňişlere garaşýar.